Thursday, May 13, 2021 فارسي|Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
Esfahan – sio-se pol
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

TÜRKMENISTANDA HAFYZYŇ ŞYGRYÝET GÜNI

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezinde 10-nji oktýabrda Eýranyň beýik şahyry Hafyz Şirazynyň şygryýet güni mynasybetli edebi agşam geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkeziniň beren maglumatlaryna laýyklykda  10-njy oktýabrda, şenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň, edebiýatçylaryň we Türkmenistanly okuwçylaryň gatnaşmagynda Eýranyň beýik şahyry Hafyz Şirazynyň şygryýet güni mynasybetli medeniýet merkezinde Hafyzyň döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi.

 Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Äbbas Ärbab Hales Hafyzyň pars edebiýatynda we şygryýetde eýeleýän orny barada söz açdy: “Hafyz Şirazynyň Eýran halkynyň kalbynda aýratyn ýeri bardyr. Eýran halky ýyllaryň we asyrlaryň dowamynda Hafyzyň şygyrlarynyň diwanyny öz öýlerinde saklapdyrlar. Ähli baýramçylyk çärelerinde ol şygyrlaryň kömegi bilen pal atyp, Hafyzyň ajaýyp şygyrlaryny daş töweregindäkilere ýaýradypdyrlar.” Jenap Äbbas Ärbab Hales çykyşynyň dowamynda şu sözleri aýtdy: “Hafyz dünýä belli şahyr derejesine ýetipdir we dünýäniň ähli beýik şahyrlary onuň döreden eserlerine ýokary baha berýärler. Hatda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy öz goşgularynyň birinde Hafyzy Eýranyň beýik şahyrlarynyň biri hökmünde hasaplap ony çuňňur hormatlapdyr. Oňa ýokary baha beripdir.” Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bu edebi agşamyň geçirilmegi sebäpli medeniýet merkeziniň işgärlerine we gatnaşyjylara hoşallyk bildirdi. Türkmen ýaşlarynyň Magtymgulynyň we Hafyzyň şygyrlaryna bolan höwesiniň iki ýurduň halklarynyň bir biriniň edebi gymmatlyklary bilen tanyş bolmagy üçin mümkinçilik döredýändigini belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet geňeşçisi Reza Hanian hem Magtymguly Pyragynyň Hafyza we Eýranyň beýleki beýik şahyrlaryna uly üns berendigini belledi we şu sözleri aýtdy: “Bu edebi agşam Eýranyň beýik şahyry Hafyz Şirazynyň 11-nji oktýabrdaky şygryýet güni mynasybetli geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem belleýişi ýaly Magtymguly Pyragy türkmeniň beýik şahyrydyr. Onuň Hafyza ýokary baha bermegi bizi buýsandyrýar.”

Hafyzyň döredijiligine bagyşlanan edebi agşamyň dowamynda bolsa, pars dilini öwrenýän 20 sany Türkmenistanly okuwçy Hafyzyň diwanyndan dürli gazallar okadylar we tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdiler. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan Hafyz Şirazynyň şygyrlary baradaky wideo klip görkezildi. Mundan başga-da Eýranyň ussat aýdymçysy Mohämmädreza Şäjärýanyň Hafyzyň bir goşgusyny aýdym edip aýdýan bir wideo klibi görkezildi we Eýranyň merhum aýdym-saz ussady ýatlanylyp geçildi.

 Bu edebi agşamyň soňunda bolsa, pars edebiýatçysy jenap Äbbas Kärhi çykyş etdi. Jenap Kärhi tomaşaçylary Hafyzyň ýaşaýyş durmuşy, onuň çyn ady we beýik şahyryň şygyrlarynyň käbir aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy, şeýle hem jenap Kärhi tomaşaçylara  Eýran halkynyň Hafyzyň diwanynyň kömegi bilen pal atma däpleri barada gürrüň berdi we özi hem Hafyzyň diwanyny okap, pal bakyp berdi. Şeýlelik bilen tomaşaçylaryň ählisi örän hoşal boldular.

 

 


11:56 - 13/10/2020    /    Belgi : 759237    /    G?rkezi? sany : 126



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 31255
Visitorsofday : 37
Visitorsofpage : 81494
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.4371

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap