Thursday, May 13, 2021 فارسي|Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
Shiraz- Takhte Jamşid
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

TÜRKMENISTANDA EÝRANYŇ EL SUNGATLARYNA WE SYÝAHATÇYLYK HEPDESINE BAGYŞLANAN SERGI AÇYLDY

Eýran Yslam Resbuplikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde Eýranyň el sungatlaryna we syýahatçylyk hepdesine bagyşlanan sergi açyldy. 

Sentýabr aýynyň 26-na şenbe güni, bütindünýä turizm gününiň we Eýranyň syýahatçylyk hepdesiniň öňüsyrasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde Eýranyň el sungatlaryna we syýahatçylyk hepdesine bagyşlanan sergi açyldy. Bu çärä Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň medeniýet geňeşçileri, Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri we pars dilini öwrenýän Türkmenistanly okuwçylar gatnaşdylar.  Eýran Yslam Respubliksaynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Äbbas Ärbab Hales Eýranyň Beýik Ýeňiş Gününi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny gutlap, şu sözleri aýtdy: “ Biziň günlerimizde turizm we syýahatçylyk dünýäde sungatyň aýratyn bir görnüşine öwrüldi. Dünýä ýurtlaryň köpüsi  bu sungata höwesi bolanlara maslahat bermek maksady bilen turizme we syýahatçylyga bagyşlanan çäreleriň geçirilmegine üns berýärler. Taryhy we medeni ýadygärlikleri bolan ýurtlar özlerini bu sungatyň ösmeginde paýy bolan ýurtlar hökmünde hasaplaýarlar we medeni gatnaşyklar arkaly özara syýahyatçylyk mümkinçiliklerini döredýärler. Sergä gatnaşyjylary Eýranyň  el sungatlary we syýahatçylyk hepdesi bilen tanyşdyrmak maksady bilen açylan bu sergä Eýran Yslam Resbuplikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezi ýolbaşçylyk edýär. Şeýlelik bilen Eýranyň we Türkmenistanyň bilelikde medeni çäreler geçirmegi üçin ilkinji işler alnyp barylmaga başlandy diýmek mümkin bolar.”  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi çykyşyny şu sözler bilen dowam etdirdi: “ Biz şu çärä gatnaşan daşary ýurtlaryň medeniýet geňeşçilerini bu ýurtlar arasyndaky  syýahatçylygy ýola goýmak maksady bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna çagyrýarys. Häzirki wagtda dünýäde ýüze çykan päsgelçiligiň gutarmagyndan soň, syýahatçylygyň ösmegi üçin hyzmatdaşlyk etmäge we aýratyn hem Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýahatçylygyň gözbaşy bolmaga taýýardyrys.”

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet geňeşçisi Reza Hanian hem daşary ýurtlaryň medeniýet ilçilerine we Türkmenistanyň syýahat firmalarynyň wekillerine hoşallyk bildirmek maksady bilen eden çykyşynda şu sözleri aýtdy: “ Aşgabat şäherinde  Eýranyň el sungatlaryna we syýahatçylyk hepdesine bagyşlanyp açylan sergi, biziň bütindünýä turizm gününe, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna, şeýle hem  Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýete berýän ünsüne we  goňşy döwletler bilen alyp barýan medeni gatnaşyklaryna hormat goýmagymyzyň nyşanydyr. Iki ýurduň taryhy we medeni ýakynlygyny nazara alanymyzda  bu serginiň açylmagynyň asyl maksady Eýran bilen Türkmenistanyň birbiriniň el sungatlary we syýahatçylgy bilen tanyş bolmagydyr.”

 Bu açylyş çäresinde Eýranyň we Türkmenistanyň owadan turistik mekanlary we el sungatlary barada wideo klipler görkezildi we ol klipler tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Munuň dowamynda bolsa. pars dilini öwrenýän Türkmenistanly okuwçylar Eýranyň we Türkmenistanyň owadan turistik mekanlary we el sungatlary baradaky makalalaryny okadylar. Çykyş eden okuwçylara çäräniň ahyrynda sowgatlar gowşuryldy.

Eýranyň dürli el sungarlarynyň sergisinde firuza daşyndan ýasalan önümler, gap-gaçlary syrçalamak sungatynyň önümleri, keramika önümleri we kafel plitkalaryndan ýasalan küýzeler we gap-gaçlar, miniatýura sungatynyň önümleri, kaşemirden we aýnadan ýasalan dürli önümler, şeýle hem Eýranyň turistik mekanlaryň suratlary gatnaşyjylara hödürlendi. Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan wideo klipler hem görkezildi. Bu sergi medeniýet merkezinde 1 hepdeläp dowam etdi.

 

 

 

 


12:28 - 27/09/2020    /    Belgi : 759239    /    G?rkezi? sany : 147



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 31253
Visitorsofday : 33
Visitorsofpage : 81490
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.3911

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap