Thursday, May 13, 2021 فارسي|Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
Esfahan – Ali Gapu
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

TÜRKMENISTANDA PARS DILINI ÖWRENIŞ KURSLARYNYŇ GÜÝZ TAPGYRY BAŞLADY.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde pars dilini öwreniş kurslarynyň güýz  tapgyry başlady.

“Mehr” aýynyň 10-na, ýagny oktýabr aýynyň 1-ne, penşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezinde pars dilini öwreniş kurslarynyň güýz tapgyrynyň başlamagy we Eýranyň el sungatlary we syýahatçylyk hepdesine bagyşlanan serginin ýapylyşy mynasybetli çäre geçirildi.

Bu çärede Eýran Yslam Respubliksaynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Äbbas Ärbab Hales taryh boýunça medeni we ykdysady gatnaşyklarda pars diliniň eýeleýän ornuna üns berip şu sözleri aýtdy: “Häzirki döwürde hem pars dili, baý çeşmeleri we  Hafez, Saady, Firdöwsi ýaly beýik şahyrlaryň bu dilde döreden goşgulary bilen dünýä akyldarlarynyň ylham çeşmesidir. Mundan başga-da biz, iki goňşy ýurt hökmünde bir-birimiziň dilini öwrenmelidiris we hemme taraplaýyn gatnaşyklarymyzy, aýratyn hem medeni gatnaşyklarymyzy ösdürmelidiris.” Çykyşynyň ahyrynda Yslam Respubliksaynyň Türkmenistandaky Ilçisi medeniýet merkezinde geçirilýän gyzykly çäreler üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem jenap Äbbas Ärbab Hales, häzirki wagtda dowam edýän päsgelçiligiň gutarmagyndan soň, pars dili okuwçylarynyň Eýranyň medeniýetini we taryhyny ýakyndan tanamak maksady bilen  Eýrana syýahata geljekdigini umyt edýändigini bildirdi.

Eýran Yslam Respubliksaynyň Türkmenistandaky medeniýet geňeşçisi Reza Hanian hem pars dilini öwrenýän okuwçylaryň täze toparyny güýz tapgyrynyň başlamagy bilen  gutlap, şu sözleri aýtdy: “Pars dilini öwretmek Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkeziniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu wezipe Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary netijesinde iki goňşy ýurduň medeni aragatnaşyklary üçin has hem ähmiýetli boldy. Mundan başga-da biz, Türkmenistanyň döwlet işgärleri bilen bilelikde medeniýet ugrunda alyp barýan dürli işlerimiziň, ýakyn taryhy we mirasy bolan iki goňşy ýurduň medeni aragatnaşyklaryny has hem ösdürmegi üçin alada edýäris”.

Çäräniň dowamynda Eýran Yslam Respubliksaynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezinde pars dili boýunça okuwuny tamamlan okuwçylaryň birnäçesi, pars dilini öwrenýän okuwçylaryň täze toparyna öz tejribeleri barada gürrüň berdiler. Soň bolsa, Eýranyň owadan tebigaty we taryhy mekanlary barada, şeýle hem Eýranyň el sungatlary we syýahatçylyk hepdesi barada birnäçe wideo klip görkezildi. Çäräniň ahyrynda bolsa, gatnaşyjylar medeniýet merkezindäki Eýranyň el sungatlary we syýahatçylyk hepdesine bagyşlanan sergä gatnaşdylar.

 

 

 

 

 

 


12:50 - 04/10/2020    /    Belgi : 759240    /    G?rkezi? sany : 128



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 31254
Visitorsofday : 35
Visitorsofpage : 81492
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.1401

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap