Tuesday, July 27, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
(Masule (Reşt
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

AŞGABAT ŞÄHERINDE DUÝGUDAŞLYK BAÝRAMY BELLENILDI.

 

Yslam dininiň gadyrly Pygamberiniň we Ymam Sadygyň doglan güninde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezinde duýgudaşlyk baýramy bellenilip geçildi.

Noýabr aýynyň 2-ne duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde, Türkmenistanly gatnaşyjylaryň we Eýran Yslam Resbuplikasynyň diplomatlarynyň gatnaşmagynda agzybirlik hepdesi, Yslam dininiň pygamberiniň we Ymam Sadygyň doglan günleri mynasybetli duýgudaşlyk baýramy bellenilip geçildi.

Bu baýramçylyk çäresinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Bähram Taheri şu sözleri aýtdy: “Yslam dininiň Pygamberi diýseň mähirli adam bolupdyr we ähli musulmanlary agzybirlige we duýgudaşlyga çagyrypdyr. Häzirki wagtda hem biziň ählimiz üçin agzybirlik we mähirlilik gerekdir. Eýran bilen Türkmenistan hem musulman bolan iki goňşy ýurt hökmünde özara dostlukly  gatnaşyklary alyp barýarlar we bu gatnaşyklary ähli  syýasy we medeni ugurlarda hem dowam etdirýäler. Bu dostlukly gatnaşyklar, iki ýurduň ýokary wezipeli adamlarynyň aladalarynyň we Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen ähli ugurlardaky gatnaşyklaryna, aýratyn hem medeni gatnaşyklaryna üns bermeginiň netijesidir. ”Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny has hem berkidýän medeni çäreler geçirýändigi sebäpli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkeziniň agzalaryna hoşallyk bildirdi.

          Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet geňeşçisi Reza Hanian hem Yslam dininiň Pygamberiniň doglan gününiň iki ýurduň arasyndaky duýgudaşlyk üçin möhüm bir sebäp bolandygyny belledi we şu sözleri aýtdy: “Bu baýramçylyk şatlyk we duýgudaşlyk üçin iň gowy mümkinçilikdir. Şu sebäpli biz bu gün bu ýerde bir birimiziň ýanyndadyrys we duýgudaşlyk baýramymyzy bile belleýäris. Bu gün Eýran bilen Türkmenistanyň medeni gatnaşyklary häkimiýetleriň we halklaryň islegi bilen ýokary derejelere ýetdi we Enşi Alla häzirki wagtda dünýäde dowam edýän päsgelçilikleriň gutarmagyňdan soň bu gatnaşyklar has hem gülläp öser.”

 Baýramçylyk çäresiniň dowamynda bolsa medeniýet merkeziniň aýdym-saz topary pars dilinde aýdym aýtdy. Aýdym-saz toparynyň çykyşy tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Şeýle hem medeniýet merkeziniň sahna oýunlary topary gülküli bir oýun sahnalady we tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Bagşynyň dutar çalmagy we aýdym aýtmagy hem gyzykly pursatlaryň biridi. Munuň dowamynda bolsa, gatnaşyjylar üçin ýatdan çykmajak pursatlar döreden şowhunly bäsleşik geçirildi. Geçirilen dürli bäsleşiklerde üstünlik gazananlara we adynda “Muhammet” sözi bolan gatnaşyjylara  sowgatlar gowşuryldy. Bu baýramçylyk çäresinde gigiýena talaplary doly berjaý edildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türmenistandaky medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan wideo klipler görkezildi we gatnaşyjylar üçin  gyzykly atmosfera döredildi.  

 

 


15:01 - 07/11/2020    /    Belgi : 760338    /    G?rkezi? sany : 185



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 33891
Visitorsofday : 332
Visitorsofpage : 86891
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.1380

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap