DÄP-DESSURLARY
Her bir milletiň özüne mahsus dini, däp-dessurlary we medeniýeti bardyr. Şol bir wagtda hem däp-dessurlaryň tapawutly bolmagy aýratyn bir gözellikdir. Bu tapawutlylyklara Türkmenistanda we Ýaponiýada çaý hödürlemegiň manysyny mysal getirip bileris. Türkmenistanda myhmanlar çaý we süýjülikler bilen garşylanylýan bolsa, Ýaponiýada çaý hödürlemek sagbollaşmagyň nyşanydyr. Ýagny myhmanlar çaýlaryny içenden soň, öýüň eýesi bilen sagbollaşýarlar. Şeýle hem Eýranda we Türkmenistanda çaganyň başyny sypamak mähirliligiň nyşanydyr, emma Endoneziýada çaganyň başyny sypamak onuň zehinini gowşadýar diýlip hasap edilýär.
Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda däp-dessurlar bir-birinden tapawutly bolup biler. Mysal üçin Aşgabat şäherinde öýe gelen täze gelin bereketiň we bolçulygyň nyşanlary bolan un we ýag bilen garşylanylýan bolsa, başga bir şäherde olaryň deregine suw bilen şeker ulanylýar.
ORAZA AÝYNDAKY UMUMY YNANÇLAR
Türkmenleriň arasynda mukaddes Oraza aýynyň örän möhüm manysy bardyr. Olar Oraza aýynda agyz beklemegiň Yslam dininde wajyp bir ybadat bolandygyna, Hudaýyň agyz bekleýänleri halaýandygyna we agyz bekleýänleriň uly sogap gazanýandygyna ynanýarlar. Türkmenler dini ynançlaryna laýyklykda müň ýyldan gowrak mukaddes Oraza aýyna we Gadyr gijesine uly hormat goýup gelýärler. Türkmenleriň ynanyşyna laýyklykda agyz beklemek diňe gündiz wagty iýip içmezlik däldir, agyz bekleýän adamyň gulaklary, gözleri we dili hem bek bolmalydyr, ýagny ol haram işlerden daşda durmalydyr. Agyz bekleýän bolsaňyz has hem ünsli, sabyrly hem-de mylaýym bolmaga synanyşyň we diliňizi peýdasyz gürlemekden saklaň! Ýalan sözlemäň, hiç kimiň mertebesini peseltmäň we biri biriňiz bilen dawa etmäň! Türkmenleriň agyz beklemek baradaky ynançlary hem Yslam dininiň talaplaryna, hem-de türkmenleriň ata-babalarynyň we gadymy tire-taýpalarynyň däp-dessurlaryna laýyk gelýär.
Oraza aýy 30 günden ybaratdyr we onuň her 10 gününde bir gezek şäherleriň dürli metjitlerinde mukaddes Gurhan okadylýar. Gurhan okamak ýa-da ony diňlemek, türkmenleriň arasynda iň köp sogap gazandyrýan iş diýlip hasap edilýär. Olaryň ynanjyna laýyklykda agyz bekleýän adam üçin dowzah ody haramdyr. Hatda çilim çekýän, alkogol serişdelerini ulanýan ýa-da erbet işler edýän adamlar hem mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen çilim bilen alkogoldan el çekýärler, toba edýärler we namaz okamaga başlaýarlar.
“ÝA REMEZAN” SANAWAJY
Türkmenleriň gadymy bir däbine göre Oraza aýynyň başlamagynyň öňüsyrasynda şäherlerde çagalar bilelikde “Ýa Remezan” sanawajyny aýdyp bermek üçin goňşularyň gapysyna barýarlar. Çagalar, bu sanawajy aýdyp bermek bilen Oraza aýynyň ýetip gelýändigini habar berýärler we öýüň eýesinden sowgat alýarlar. Bu sanawaç her welaýatda, her etrapda özboluşlydyr. Mysal üçin:
Ýa Remezan sanawajy
Ýokarda bir aý bar
Ujy gyzyl ýaý bar
Pygamberiň saçagynda
Bize goýlan paý bar
Biz-ä sizi baý gördük
Tüýnügiňizde aý gördük
Altyn bilen apardyk
Kümüş bilen gopardyk
Köp bereniň ogly bolsun
Az bereniň gyzy bolsun
Ýa Remezan!
SÄHERLIK WE AGZAÇAR
Ähli Musulmanlar ýaly Türkmenler hem agyz beklemäge günüň dogmagyndan öňki säherlik naharyndan soň niýet etmek bilen başlaýarlar. Agyz bekleýän adamlar säherlik wagtynda uzakly günüň dowamynda köp suwsatmaýan naharlary iýýärler. Käbir adamlar säherlikde çörek, mesge ýagy we peýnir ýaly önümleri iýýärler. Palaw we manty ýaly türkmen milli naharlaryny iýýänler hem bardyr. Säherlik naharyndan soň türkmenler agyz beklemäge niýet edýärler we töwir galdyrýarlar. Töwir galdyrmak, türkmenleriň saçagyň başyndan turmazdan öň berjaý edýän asylly däpleriniň biridir. Türkmenleriň gysga bir doga ýa-da Gurhandan birnäçe aýat okaman saçagyň başyndan turmaýarlar. Türkmenler üçin töwir galdyrmak Hudaýdan bereket dilemegiň we beren nygmatlary üçin oňa şükür etmegiň nyşanydyr. Umuman saçagyň başynda oturan we ýaşy beýlekilerden uly bolan adam, maşgalalarda bolsa, öýüň iň uly erkegi ýagny köplenç kakalar, märekelerde bolsa, ýaşulular töwir galdyrýarlar.
Türkmenistanda agyz bekleýän adamlar güniň ýaşmagyndan soň agyzlaryny açýarlar ýagny agzaçar edýärler. Agzaçarda adamlar çorba, palаw ýaly dürli milli naharlary iýýärler. Köplenç agyz bekleýänler hurma bilen agyz açýarlar we säherlik nahary ýaly agzaçaryň soňunda hem töwir galdyrylýar.
Agzaçar etmek hem türkmenleriň asylly däpderinden biridir. Bu örän möhüm bir däpdir. Her ýyl Oraza aýynyň 1-ine Aşgabat şäheriniň metjitleriniň birinde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň we agyz bekleýänleriň gatnaşmagynda resmi agzaçar edilýär. Bu ýyl bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagyndaky agzaçar täze gurlan Hezreti Omar metjidinde edildi. Bu märekede agyz bekleýän ýaşulular Türkmenistanyň Prezidentiniň myhmany boldular şeýle-hem agzaçaryň soňunda Türkmenistanyň müftüsi Gurhandan aýatlar okap berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu metjide bir ýük awtoulagyny sowgat etdi.
TARAWA NAMAZY
Agzaçardan soň tarawa namazyny okamak ähli musulmanlaryň arasynda bolşy ýaly, Türkmenleriň arasynda him giňden ýaýrapdyr. Agyz bekleýänler agzaçardan soň öýlerinde ýa-da metjitlerde 20 rekagatlyk Tarawa namazyny okaýarlar. Türkmenistanda Tarawa namazy Oraza aýynyň ýatdan çykmajak pursatlaryndan biridir. Tarawa namazy Aşgabat şäheriniň 7 sany esasy metjitlerinde okalýar. Şeýle-hem käbir şäherleriň metjitlerinde agyz bekleýänleriň Tarawa namazyny okaýan wagtynda, Gurhany ýatdan bilýän hafyzlar Gurhan okaýarlar.
GADYR GIJESI
Gadyr gijesi Oraza aýyndaky ruhyýetiň we ybadatyň iň ýokary derejesidir. Türkmenler Gadyr gijesiniň müň gijeden hem keramatlydygyna we haýyrlydygyna ynanýarlar. Türkmenleriň arasynda Oraza aýynyň 27-nji gijesi diýlip hasap edilýän Gadyr gijesiniň ýetip bolmajak gadry we gudraty bardyr. Gadyr gijesinde mukaddes Gurhan ýerýüzüne indi, Gadyr gijesiniň ähmiýetine, keramatyna we gudratyna doly düşünip bilmek mümkin hem däldir. Türkmenler Gadyr gijesinde günüň dogulmagyna çenli doga okap, ybadat edenleriň günäleriniň geçiljekdigine ynanýarlar.
Türkmenler Gadyr gijesi üçin ýörite saçak taýýarlaýarlar we ol saçagy dürli naharlar, süýjülikler we nygmatlar bilen bezeýärler. Goňşylaryň arasynda biri birine nahar paýlamak däbi hem giňden ýaýrapdyr. Ýagny Gadyr gijesi köplenç metjitlerde däl-de, öýlerde, maşgalalaryň we goňşularyň arasynda geçirilýär. Gadyr gijesinde günüň dogulmagyna çenli ýatmazlyk we doga okap, dileg etmek, Gadyr gijesiniň gudratyna aň ýetirmek örän möhümdir.
Esasan hem Türkmenler Gadyr gijesinde Hezreti Hyzyr aleýhisselamyň ýerýüzine inip, adamlaryň dogalaryny we dileglerini Hudaýa ýetirýändigine ynanýarlar.
ORAZA BAÝRAMY WE BAÝRAM NAMAZY
Oraza baýramy, Gurban baýramy bilen bilelikde Türkmenistandaky ähli musulmanlar üçin wajyp dini baýramlaryň biridir. Adamlaryň 30 gün agyz beklemeginden soň Oraza baýramy gelip ýetýär. Oraza baýramynyň anyk taryhy Türkmenistanyň müftüsi tarapyndan Saud Arabystany döwletiniň yglany bilen mälim edilýär. Oraza baýramynda Türkmenler ir bilen turup, täze egin-eşiklerini geýýärler we metjide barýarlar. Metjitde olar ymamyň ýolbaşçylygynda baýram namazyny okaýarlar. Baýram namazy başlamazdan öň metjidiň ymamy Musulmanlara baýram namazyny okamagyň usullaryny ýatladýar. Ymam jemgyýete üçin wagyz okaýar we haýyr iş etmegi üçin adamlara maslahat berýär. Namazdan soň adamlar biri biriniň baýramyny gutlap, metjitden çykýarlar.
Türkmenistanda Oraza baýramynyň iň görnükli baýram namazy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherindäki Türkmenbaşy Ruhy Metjidinde okalýar. Bu namaza Türkmenistanyň müftüsi hem gatnaşýar we namazdan soň namaza gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Oraza baýramy mynasybetli eden Hudaýýoly saçagynyň myhmany bolýarlar. Ähli metjitlerde Hudaýýoly edilýär.
Oraza baýramynda adamlar dostlaryny görmäge myhmançylyga barýarlar. Maşgalanyň hemme agzalary, eneler, atalar, daýylar, daýzalar, çagalar we beýlekiler bile Oraza baýramyny belleýärler. Musulmanlar garyp adamlara, kyn ýagdaýda bolanlara pitre sadakasyny paýlaýarlar. Her ýyl Oraza baýramy Türkmenler üçin möhüm we ýatdan çykmajak baýramlaryň biri bolup durýar.