Tuesday, July 27, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
sofal
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

TÜRKMENISTANYŇ ORTA MEKDEPLERI

TÜRKMENISTANYŇ ORTA MEKDEPLERI

 

          Sentýabr aýynyň 1-ne Türkmenistanyň ähli okuw jaýlarynda okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli resmi çäreler geçirildi. Hünärmenleriň we ylmy işgärleriň gatnaşmagynda geçirilen bu çäreler täze başlanan okuw ýylyna bagyşlandy.

          Häzirki wagtda Türkmenistanda 1760 sany orta mekdep, 927 sany çagalar bagy, 64 sany sungat mekdebi, 37 sany tehnikum we 23 sany uniwersitet bardyr. Bu ýyl Türkmenistanda 1153885 sany okuwçy 1-nji synpda okuwa başlady we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan olaryň her birine  kompýuter sowgat berildi. Sowgat edilen notebook görnüşli kompýuterlerde okuwçylar üçin zerur bolan programmalar, şeýle hem käbir okuw programmalary, daşary ýurt dillerini öwrediji programmalar we beýlekiler gurnaldy.

Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin orta bilim hökmany we mugtdyr. Ylym-bilim we terbiýeçilik işleri Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedow üçin birinji ýerde durýan meseleleriň biridir. Ol Türkmenistanyň  Prezidentligine saýlanan ilkinji günlerinden başlap Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyna düýpli täzelikler girizdi. 2007-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 9 ýyllyk orta mekdepler 1 ýyl uzadyldy we gysga wagtyň içinde 4 ýyllyk üniwersitetler hem 5 ýyla çenli uzadyldy. Mundan başga-da 2013-nji ýylyň mart aýynyň 1-ne Hormatly Prezidentimziň Permany esasynda okuwçylaryň mekdebe 7 ýaşdan däl-de, 6 ýaşdan gitmeklerine karar berildi. Bu Permana laýyklykda orta mekdepleriň möhleti ýene 2 ýyl uzadyldy we mundan beýläk Türkmenistanda orta bilimiň möhletiniň 12 ýyl bolmagyna karar berildi. Şeýlelikde 2013-2014 okuw ýylyndan başlap Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen orta mekdepleriň möhleti 12 ýyl bolup durýar.

Türkmenistandaky täze ylym-bilim ulgamyna laýyklykda çagalar 6 ýaşynda 1-nji synpa gidýärler. Okuwçylar 4 ýyl başlangyç synplarda, 6 ýyl orta synplarda we 2 ýyl ýokary synplarda bilim alýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen her ýyl ýurdumyzda onlarça mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki okuw jaýlarynyň açylýandygyny we olara döwrebap enjamlaryň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny hem belläp geçmelidiris.

 

OKUWÇYLARYŇ RESMI EGIN-EŞIKLERI

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde gyzlaryň resmi egin-eşigi ýakasy milli nagyşlar bilen bezelen ýaşyl köýnekden, ak jorapdan, gara köwüşden we türkmenleriň milli tahýasyndan ybaratdyr. Gyzlar saçlaryny iki örüm edip örýärler we  başlangyç synplarda okaýan gyzlaryň saçlaryna ak saç uçlary hem dakylýar. Ýaz we güýz pasyllarynda ýaşyl renkli kostýum hem geýmek bolýar.

Gyşda bolsa gyzlar resmi egin-eşigiň üstünden ýaşyl ýa-da gara reňli palto geýýärler. Şeýle-hem gyzlar 8-nji synpa çenli, ýagny 14 ýaşyna çenli ak öňlük dakýarlar. Oglanlaryň egin-eşikleri hem gara kostýum-balakdan, ak köýnekden, gara galstukdan, tahýadan, gara jorapdan we köwüşden ybaratdyr. Gyş paslynda bolsa oglanlar resmi egin-eşikleriniň üstünden gara palto geýýärler. Resmi-egin eşikleri geýmek ähli orta mekdeplerde okuwçylar üçin hökmanydyr.

 

OKUW KITAPLARY

          Orta mekdeplerde okuw kitaplary okuwçylara okuw ýylynyň başynda bir ýyllygyna berilýär. Okuw ýylynyň ahyrynda bolsa, ähli okuwçylar ýylyň başynda alan okuw kitaplaryny zaýalaman yzyna, ýagny mekdebiň kitaphanaçysyna  tabşyrmalydyrlar. Okuw kitaplary satuwa degişli däldir, olaryň satylmagy we satyn alynmagy gadagandyr.  Şeýlelik bilen bir sany okuw kitaby 6-7 ýylyň dowamynda ulanylýar.

 

SYNPLARDA OTURMAGYŇ KADALARY

Okuwçylar synplarda, partanyň başynda göni oturmalydyrlar we iki elini hem partanyň üstünde goýmalydyrlar. Mugallym rugsat beren ýagdaýynda olar depderlerine ýazyp bilerler. Okuwçylarda sorag ýüze çykan ýagdaýynda olar elini galdyryp rugsat sorap, öz soraglaryny berip bilerler.


08:50 - 28/12/2020    /    Belgi : 762407    /    G?rkezi? sany : 152



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 33892
Visitorsofday : 333
Visitorsofpage : 86892
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.3521

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap