Friday, April 16, 2021 فارسي|Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
(Hapyzyň aramgähi (Şiraz
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

TÜRKMENISTANDA “ÝÄLDA” GIJESI BELLENILDI

 

          Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde “ýälda” gijesi mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

          Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkeziniň beren maglumatlaryna laýyklykda dekabr aýynyň 20-ne ýekşenbe günü agşam medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanly okuwçylaryň gatnaşmagynda  “ýälda” gijesi dabaraly bellenilip geçildi.

          Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet geňeşçisi Reza Hanian Eýranda “ýälda” gijesiniň bellenilmeginiň ähmiýeti we bu gijä mahsus bolan aýratynlyklary düşündirdi. Jenap Hanian şu sözleri aýtdy: “Ýälda gijesi, ýylyň iň uzyn gijesidir. Eýranlylar gadym döwürlerden bäri däplere hormat göyüp, bu gijäni ata-eneleriniň ýanynda geçirmäge synanyşýarlar. Jemgyýetiň iň möhüm birligi bolan maşgalanyň agzybirligini we garyndaşlygy berkidýärler . Bu gijede Eýranlylar maşgala agzalarynyň arasynda söýgi, dostluk we duýgudaşlyk emele getirýän we dünýäni ýaşamak üçin has hem amatly bir mekana öwürýän däp-dessurlary ýerine  ýetirýärler.”  

Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet geňeşçisi Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowuň medeniýete we medeni däp-dessurlara uly üns berýändigni belledi we şu sözleri aýtdy: “Iki goňşy ýurt bolan Eýran bilen Türkmenistan bir-biriniň medeniýetleriniň ýakynlygyna doly düşünip we oňa guwanyp, öz medeni gatnaşyklaryny has hem kämilleşdirip bilerler.”

          Bu baýramçylyk dabarasynda Eýran Yslam Resbuplikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan bir näçe wideo klipler görkezildi. Şeýle hem dabara gatnaşanlar üçin türkmen we pars dillerinde aýdymlardan bölekler eşitdirildi we şeýlelik bilen ýatdan çykmajak şowhunly atmosfera döredildi. Eýranyň beýik şahyry bolan Hafyzyň diwanyndan goşgular okamak we olaryň kömegi bilen pal atmak hem türkmen ýaşlary üçin bu dabaranyň gyzykly pursatlaryndan biri boldy.

 

 


08:51 - 28/12/2020    /    Belgi : 762408    /    G?rkezi? sany : 82



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 30358
Visitorsofday : 48
Visitorsofpage : 79780
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.2290

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap