Tuesday, July 27, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
Kerman- Ärge Bam
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

MEDENIÝET GEŇEŞÇISI ÖZ DIPLOMATIKI MISSIÝASYNY TAMAMLADY

          Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet geňeşçisi Reza Hanianyň öz diplomatiki missiýasyny tamamlamagy we täze medeniýet geňeşçisiniň işe başlamagy mynasybetli medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda çäre geçirildi. 

          Dekabr aýynyň 18-ne, anna güni Eýran Yslam Resbuplikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde geçirilen çärede, jenap Reza Hanian öz diplomatiki missiýasyny tamamlap, özüne mylakatly duýgulary besleýän türkmen ýaşlary bilen sagbollaşdy.  

          Bu çärede Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet geňeşçisi Reza Hanian ýaşlaryň oňa besleýän duýgularyna ýokary baha berip, olary gözel duýgularyň hazynasy diýip hasaplady we şu sözleri aýtdy: “Türkmenistanda bolan wagtymyň dowamynda we medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin alyp baran ähli işlerimde Türkmenistan döwletiniň hormatly döwler işgärleri, ajaýyp türkmen halky we aýratyn hem bu ýurduň ýaşlary meniň iň möhüm kömekçilerim boldular. Men Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowy sosial ösüş we ylym-bilim ulgamynyň ösüşi üçin çäreler geçirmäge mümkinçilikler döredendigi sebäpli we munuň netijesinde Türkmenistanda edepli, mähirli, dana, zähmetsöýer  ýaşlaryň ýetişmegine uly goşant goşandygy sebäpli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Meniň üçin Türkmenistandan iň gowy ýadygärlik bu türkmen halkynyň mähirli ýylgyryşydyr. Olar bir Eýranlynyň salamyna mähirli bir ýylgyryş bilen jogap berýärdiler. Iki ýurduň halklarynyň özara gowy düşünişmegi we gadym döwürlerden gaýdýan umumy mirasynyň bolmagy sebäpli dörän ýakynlyk Eýran bilen Türkmenistanyň geljekde hem dostlukly gatnaşyklary alyp barmaklary üçin iň uly çeşmedir.” Eýran Yslam Respublikasynyň täze medeniýet geňeşçisi Jenap Näwid Räsuli hem jenap Reza Haniana minnetdarlyk bildirmek maksady bilen şu sözleri aýtdy: “Bu çärede höküm sürýän atmosfera jenap Hanianyň medeni çäreleri durmuşa geçirmekdäki üstünliginiň nyşanydyr we iki döwletiň dostlukly hem-de ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýeten derejesiniň aýdyň subutydyr. Jenap Hanian özüniň oňaýly täsiriniň netijesinde Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet merkeziniň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmeginiň dowamaty boljakdygy babatda ynam berdi.”

          Çäräniň dowamynda  Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet geňeşçisi jenap Ryza Haniana diplomatik missiýasyny tamamlandygy üçin minnetdarlyk bildirmek maksady bilen dürli sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem türkmen ýaşlarynyň oňa sagbolsun aýtmak üçin taýýarlan wideo klipleri görkezildi. Oýun sahnalamak, dürli wideo klipleri görkezmek, goşgy okamak we ýatlamalary aýdyp bermek hem bu bu çärede gyzykly pursatlary döretdi.

 


09:36 - 28/12/2020    /    Belgi : 762423    /    G?rkezi? sany : 147



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 33872
Visitorsofday : 299
Visitorsofpage : 86858
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.5001

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap