Tuesday, July 27, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
(Alisadr gowagy (Hemedan
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

TÜRKMEN HALKYNYŇ TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGYNA MAHSUS BOLAN DÄP-DESSURLARY

 

 Her milletiň baýramçylyklary we däp-dessurlary  jemgyýetde medeniýetiň esasandyryjysy bolup durýar. Bu baýramçylyklaryň we däp-dessurlaryň dürliligi hem-de sany şol jemgyýetiň medeni baýlygyny beýan edýär. Şeýle hem medeni özboluşlylygy baýramçylyklary, milli däp-dessurlary we halk döredijiligini synlamak arkaly öwrenip bolar. Türkmenistan jemgyýetiniň 90 göteriminden gowragy musulman bolan we dünýewi döwletdir we Oraza we Gurban baýramy ýaly baýramçylyklary hem belleýän döwletdir. Türkmenistanda täze ýylyň başlangyjy milady ýyldan hasaplanylýar. 2020-nji ýylyň ahyrynda we 2021-nji ýylyň başynda türkmen milletiniň ýyl çalşygyndan öň hem-de soň ýerine ýetirýän däpleri bardyr. Bu hasabatda size şol däp-dessurlar barada gürrüň beriler.

          Türkmen halky hem edil Eýranyň halky ýaly täze ýyla girmezden birnäçe hepde öň öz öýlerini süpürip arassalaýarlar. Özleri we perzentleri üçin täze egin-eşikler satyn alýarlar. Täze ýyldan öň ýerine ýetirilýän däpleriň biri-de arça agajyny bezemekdir. Türkmen halkynyň däplerine laýyklykda olar täze ýyldan öňki gije öz öýlerinde bolýarlar. Maşgalalar täze ýyly öz öýlerinde gutlap, bu baýramçylyl üçin taýýarlyk görýärler. Ýyl çalşygyndan öň, türkmen maşgalalary öz saçagyny palow, kebap, manty, dürli işdä açarlar, gök önümler, süýjüler, miweler we guradylan ir-iýmişler bilen bezeýärler. Şeýle hem telewizorlarda täze ýyla mahsus bolan filmler görkezilýär.

          Ýyl çalşygy pursadynda ene-atalar çagalaryna egin-eşik, dürli süýjülikler ýaly sowgatlar berýärler. Adatça bu sowgatlar täze ýyldan öň satyn alynýar we bezelen arça agaçlarynyň aşagyna goýulýar. Täze ýylda bolsa, olar maşgalanyň kiçi agzalaryna gowşurylýar. Aýratyn hem maşgalanyň has uly agzalarynyň, ýagny eneleriň we atalaryň, mamalaryň we babalaryň, ýa-da daýzalaryň we daýylaryň çagalara sowgat alyp bermegi hökmany däldir. Olar öz isleglerine baglylykda çagalara sowgat alyp bilerler.

          Ýaşlar ýyl çalşygyndan soň öýlerinden çykyp döwlet tarapyndan goýberilen salýutlara tomaşa edýärler. Bu salýutlar Eýran halkynyň “çerşenbesuri” gijesindäki dabara meňzeşdir.

        Adatça täze ýylyň ilkinji gününde hem türkmenler öz öýlerinde bolýarlar we täze ýylyň ikinji gününden başlap myhmançylyga barýarlar. Maşgalanyň ähli agzalary täze egin-eşiklerini geýýärler we maşgala ulularynyň ýa-da maşgala dostlarynyň öýlerine myhmançylyga barýarlar. Türkmenleriň däplerine laýyklykda myhmançylyga barylanda, öýüň eýesine hökman süýji äkidilýär. Täze ýylyň başlamagy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň täze ýylyny gutlap telewizorda çykyş edýär we her bir täze ýylyň özboluşly şygary bolýar 2021-nji ýyl hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyryldy.

 Gadym döwürlerde habarlaşmagyň çäkleri häzirki döwürdäki ýaly giň bolmasa-da medeniýete degişli diýlip hasap edilen we nesilden-nesle geçirilen ähli zatlar jemgyýetde medeniýetiň  hem-de  däp dessurlaryň esaslandyryjysy boldy. Häzirki döwürde milletleriň arasyndaky gapma-garşylyklaryň netijesinde köp sanly däp-dessurlar ýatdan çykaryldy ýa-da öz güýjüni ýitirip başlady we olaryň deregine Dünýä agdyklyk edýän medeniýetleriň däpleri geçdi. Mälim bolşy ýaly Türkmenistanda bu ýagdaý has hem az duýulýar we ýaş nesiller öz milli däp-dessurlaryna bagly bolýarlar. Ýaş nesliň arasynda medeni baýlyk we dostlukly gatnaşyklar bardyr. Milli egin-eşikler, şeýle hem däplere, ýaşululara we geçmişiň beýik gerçeklerine hormat goýulmagy bolsa, muňa şaýatlyk edýär.

 

 


10:53 - 16/01/2021    /    Belgi : 763508    /    G?rkezi? sany : 146



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 33873
Visitorsofday : 300
Visitorsofpage : 86859
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.1811

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap