Friday, April 16, 2021 فارسي|Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
(Ymam Ryzanyň (a) aramgähi (Maşat
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

TÜRKMENISTANDA PARS DILINI ÖWRENIŞ KURSLARYNYŇ GYŞ TAPGYRY BAŞLANDY

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde pars dilini öwreniş kurslarynyň gyş  tapgyry başlandy.

2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çarşenbe güni pars dilini öwrenýän okuwçylaryň täze toparynyň we olaryň maşgalalarynyň gatnaşmagynda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda ýygnak geçirildi we şeýlelik bilen pars dilini öwreniş kurslarynyň gyş  tapgyry başlandy.

Bu tapgyryň başlangyç ýygnagynda  Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy jenap Näwid Räsuli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ozalky medeniýet geňeşçisi jenap Reza Haniana Eýranyň medeniýetini ösdürmek ýolunda çeken zähmeti üçin sagbolsun aýtdy we  pars dilini öwrenýän okuwçylaryň täze toparyny salamlady. Jenap Näwid Räsuli şu sözleri aýtdy: “Biz, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde siziň hyzmatyňyzda bolanymyz üçin buýsanýarys. Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde pars dilini öwreniş kurslarynyň gyş tapgyry Türkmenistan döwletiniň ähli gigiýena we arassaçylyk talaplaryny doly berjaý etmek bilen başlandy”. Jenap Räsuli pars dilini öwrenmekde dürli derejelere ýeten okuwçylara hem ýüzlenip, şu sözleri aýtdy:  “Bir dili öwrenmek sizi başga bir dünýä bilen tanyşdyrýar we başga bir medeniýet bilen tanyşmagyňyza sebäp bolýar. Süýji pars  dili – şygyrlaryň, goşgularyň, edebiýadyň, Saady, Hafyz we Firdöwsi ýaly beýik şahyrlaryň dilidir. Onuň Eýran we Türkmenistanyň umumy medeni  mirasynda durnukly ýeri bardyr.  Mundan başga-da pars dilini öwrenmegiň netijesinde biri-birimiziň medeni umumylyklaryna öňkiden hem köp düşünip bileris”.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy  jenap Näwid Räsuli çykyşyny şu sözler bilen dowam etdirdi: “Eýranyň hem-de Türkmenistanyň ýokary wezipeli adamlary müňlerçe ýyllyk umumy medeni mirasy bolan iki ýurdy goňşy we garyndaşdan hem ýakyn görýärler. Şeýlelik bilen pars dilini öwrenmek iki ýurduň umumy mirasy bilen tanyş bolmaga kömek eder”.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda pars dilini öwrenýän okuwçylara üstülik arzuw etdi we bu medeniýet merkezinde okuwçylara pars dilini öwrenmek üçin  mümkinçilik döredenligi sebäpli Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa  sagbolsun aýtdy. Jenap Räsuli şu sözler bilen çykyşyny tamamlady: “Biz medeniýet merkezimizde tejribeli mugallymlary işe alyp we amatly mümkinçilikleri döredip, pars dilini öwretmekde iň gowy derejä ýetmäge synanyşýarys. Dil öwrenýän okuwçylaryň süýji pars dilini öwrenmekden lezzet almagy üçin biz täze öwrediş metodikalaryndan peýdalanýarys we okuwçylary höweslendirýäris”.

Ýygnagyň dowamynda Eýran we Türkmenistan bilen baglanyşykly wideo klipler görkezildi. Munuň dowamynda bolsa, pars dilini öwrenen okuwçylaryň biri özüniň Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki  medeniýet merkezinde pars dilini öwrenişi barada gürrüň berdi we gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde pars dilini öwreniş kurslarynyň gyş  tapgyrynyň başlanmagyna bagyşlanan ýygnagyň ahyrynda bolsa, sapaklar barada goşmaça maglumatlar berildi we pars dilini öwrenýän okuwçylaryň täze topary bu medeniýet merkeziniň mugallymlary bilen tanyşdyryldy.



10:56 - 16/01/2021    /    Belgi : 763509    /    G?rkezi? sany : 77



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 30362
Visitorsofday : 54
Visitorsofpage : 79786
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.2841

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap