Tuesday, July 27, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
sofal
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNDA MEDENIÝET GEŇEŞÇISI BILEN HOŞLAŞYK AGŞAMY GEÇIRILDI.

Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet merkezinde  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ozalky medeniýet geňeşçisi bilen hoşlaşmak we täze medeniýet geneşçisi bilen tanyşmak mynasybetli çäre geçirildi.      

          Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň mejlisler zalynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ozalky medeniýet geňeşçisi jenap Reza Hanian bilen hoşlaşyk çäresi geçirildi.

          2021-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda geçirilen bu çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Äbbas Ärbab Hales, jenap Reza Hanian, jenap Näwid Räsuli, ilçihananyň käbir işgärleri we Eýran bilen baglanyşykly beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi medeniýet düşünjesiniň ähmiýeti we onuň ýurtlar arasyndaky gatnaşyklara ýetirýän täsiri barada söz açdy. Jenap Äbbas Ärbab Hales  iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ýolunda zähmet çekendigi sebäpli jenap Reza Haniana ýokary baha berdi. Şeýle hem ol medeniýetiň giň gerimine salgylanyp jenap Näwid Räsulini salamlady we mundan beýläk hem medeniýet ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaç almagyny umyt edýändigini bildirdi. Munuň dowamynda bolsa, gatnaşyjylaryň her biri jenap Reza  Hanianyň alyp baran üstünlikli işleri barada söz açdylar. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkeziniň täze ýolbaşçysy jenap Näwid Räsuli medeniýetiň ýüreklerdäki ýerine hem-de onuň täsirine salgylanyp gadyrly jenap Reza Haninana eden aladalary sebäpli sagbolsun aýtdy, oňa saglyk we üstülik arzuw etdi. Çäräniň soňky pursatlarynda jenap Reza Hanian Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetiren döwründe alyp baran işleri we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkezinde bitiren işleri barada gürrüň berdi. Jenap Reza Haniana Taryp haty we dürli sowgatlar gowşuryldy.

 


10:58 - 16/01/2021    /    Belgi : 763511    /    G?rkezi? sany : 137



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 33884
Visitorsofday : 320
Visitorsofpage : 86879
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.4281

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap