Friday, April 16, 2021 فارسي|Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
(Sultaniýe kümmeti (Zenjan
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

MÄHRIBAN ENELERIŇ BAÝRAMÇYLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI MEDENIÝET MERKEZINDE DABARALY BELLENILDI

 

 Hezreti Patma Zöhräniň doglan güni we eneler güni baýramçylygy  Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda dabaraly bellenilip geçildi.

          Fewral aýynyň 2-ne sişenbe güni medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda  Hezreti Patma Zöhräniň doglan gününe we enäniň belent mertebesine bagyşlanyp geçirilen bu baýramçylyk dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň halkara hukuk meseleleri boýunça maslahatçysy professor hanym Şeýda Äsgärzade, Türkmenistanda ýaşaýan Eýranly raýatlar, pars dilini öwrenýän Türkmenistanly okuwçylar we olaryň eneleri gatnaşdy.

          Baýramçylyk dabarasynyň başynda Alla Tagallanyň sözleri bolan Gurhan okalandan soň Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy jenap Näwid Räsuli ähli myhmanlary, aýratyn hem dabara gatnaşan eneleri salamlady, olary Hezreti Patma Zöhräniň doglan güni we eneler güni bilen gutlady. Munuň dowamynda bolsa jenap Räsuli şu sözleri aýtdy: “Eneler güni köp ýyllardan bäri ähli adamlar üçin ähmiýetli bolan baýramçylyklaryň biridir. Sebäbi eneleriň bu dünýäde bahasyna ýetip bolmajak orny bardyr. Hatda olaryň bu dünýäniň geljegindäki we perzentleri terbiýelemekdäki ornuny we ähmiýetini aňsatlyk bilen beýan etmek mümkin hem däldir.”  Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy  enäniň yslam dinindäki ýerine we belent mertebesine salgylanyp şu sözleri aýtdy: “Yslam dininiň gadyrly pgamberi enäniň mertebesi barada şeýle diýdi: <<Jennet eneleriň aýaklarynyň astyndadyr>>. Ýagny beýik ynsanlyk derejesine ýetmek isleýän ähli adamlar ilki bilen enelerine hormat goýmalydyrlar. Enelere we olaryň belent mertebesine hormat goýmak Türkmenistan bilen Eýranyň medeniýetleriniň umumy nokatlarynyň biridir. Şu temanyň ähmiýetini Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ene barada ýazan kitaplarynda hem görmek bolar.”

          Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda myhmanlara medeniýet merkezinde yglan edilen surat çekmek, wideo klip taýýarlamak we goşgy ýazmak bäsleşikleri barada hasabat berdi. Jenap Räsuli hünäriň dürli medeniýetleri tanatmakdaky ähmiýetine salgylanyp pars dilini öwrenýän okuwçylaryna öz enelerine bolan duýgularyny beýan edenleri üçin sagbolsun aýtdy.

          Munuň dowamynda bolsa, professor hanym Şeýda Äsgärzade Hezreti Patma Zöhräniň doglan güni we eneler güni mynasybetli medeniýet merkezine gelen  ähli eneleriň baýramyny gutlady  we eneleriň jemgyýetdäki ornuna we olaryň başarnygyna salgylanyp şu sözleri aýtdy: “Jemgyýetde zenanlaryň özlerine bolan ynamy her näçe köp bolsa ol jemgyýet ösüş ýolunda şonça çalt ýörär.” Hanym Äsgärzade zenanlaryň Eýran we yslam medeniýetlerindäki we taryhyndaky ähmiýetli ornuna salgylanyp sözlerini dowam etdirdi: “Soňky ýyllarda zenanlaryň jemgyýetde ähmiýetli orun eýeläp bilmekleri we täsirli üstünliklere ýetip bilmekleri üçin köp aladalar edilýär. Mysal üçin ylym-bilim ulgamynda we uniwersitetleriň köpüsinde gyz talyplaryň sany oglan talyplardan köpdür.

Eýranyň uniwersitetlaryndaky gyz talyplaryň sany soňky ýyllarda 17 esse köpeldi we uniwersitetlerda sapak okadýan mugallymlaryň 25 göterimi hem zenanlardan ybarat bolup durýar. Şeýle hem sport ugry ýaly beýleki ugurlarda hem zenanlar uly üstünlikleri gazandylar. Mundan başga-da telekeçilik ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň sanynyň köpelýändigine-de şaýat bolýarys. Dolandyryş ugrunda hem zenanlaryň üstünlik gazanandygyny görmek bolýar.”

          Hanym Şeýda Äsgärzade goňşy ýurt bolan Türkmenistandaky zenanlaryň gazanan üstünlikleri sebäpli hoşallyk bildirmek maksady bilen şulary belläp geçdi: “Biz günden güne Türkmenistanda zenanlaryň lukmançylyk, hünär, sport we ylym-bilim ulgamlary ýaly dürli ulgamlarda ähmiýetiniň köpelýändigine şaýat bolýarys. Bu Türkmenistan üçin uly bir baýlykdyr we öwülmäge mynasypdyr.”

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň halkara hukuk meseleleri boýunça maslahatçysy professor hanym Şeýda Äsgärzade çykyşynyň ahyrynda, türkmen zenanlarynyň türkmen medeni baýlygyny gorap saklamakda örän möhüm işleri bitirendigini belledi we olara saglyk we parahatçylyk, şeýle-de ähli ulgamlarda ösmeklerini dowam etdirmegini arzuw etdi.

          Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda medeniýet merkeziniň aýdym-saz topary enäniň belent mertebesini beýan etmek maksady bilen pars dilinde aýdym aýdyp çykyş etdiler we tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdiler. Wideo klipleriň we geçirilen bäsleşiklerde saýlanan suratlaryň görkezilmegi we şygyrlaryň okalmagy hem gatnaşyjylaryň göwnünden turdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda bolsa, medeniýet merkezinde geçirilen surat çekmek, şygyr ýazmak we wideo klip taýýarlamak boýunça bäsleşiklerde ýeňiji bolan okuwçylara sowgatlary gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasy tamamlanandan soň bolsa, myhmanlar medeniýet merkezinde fewral aýynyň 1-de açylan surat sergisine hem  gatnaşdylar.

 


09:36 - 7/02/2021    /    Belgi : 764479    /    G?rkezi? sany : 61



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 30366
Visitorsofday : 61
Visitorsofpage : 79793
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.1891

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap