Tuesday, July 27, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
Kerman- Ärge Bam
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI PATMA ZÖHRE METJIDINDE HEZRETI SADYKA KÜBRANYŇ DOGLAN GÜNI DABARLY BELLENILIP GEÇILDI

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy medeniýet merkezi bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki Patma Zöhre metjidinde yslam dininiň gadyrly pygamberiniň gyzy Hezreti Sadyka Kübranyň doglan günini hem-de zenanlar we eneler gününi belledi. Bu baýramçylyk Hezreti Sadyka Kübranyň doglan güninde ýagny fewral aýynyň 2-ne sişenbe agşamy, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Patma Zöhre metjidinde, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Golamäbbas Ärbab Halesiň, medeniýet geňeşçisiniň, Türkmenistandaky Eýranyň raýatlarynyň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda bellenildi. Baýramçylyk dabarasynyň başynda hoş dilegler edilip, doga okalandan soň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Golamäbbas Ärbab Hales gatnaşyjylary gutlamak maksady bilen Hezreti Zöhräniň aýratynlyklaryna salgylanyp şu sözleri aýtdy: “Hezreti Patma Zöhre dünýädäki ähli zenanlaryň buýsanjydyr we eziz yslam dininiň üstüne nur saçýan güneş ýalydyr. Biz hem yslam dininiň beýik şahsyýeti bolan ol zenany eziz görýäris we muňa baglylykda Alla Tagalla tabyn bolmakda we oňa ybadat etmekde Hezreti Patma Zöhräniň ýolundan gitmelidiris.” Çykyşynyň ahyrynda bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi eneler gününiň ähmiýetine salgylanyp şu sözleri aýtdy: “Eneler jennetdäki güller ýalydyr. Olar diňe bir şygyrlarda we edebiýatda däl-de, eýsem hakyky durmuşda-da öz söýgüsini, ýaşlygyny, isleg arzuwlaryny perzentlerinden hiç zada garaşman olaryň aýaklarynyň aşagyna serýärler. Şu sebäpli biz hemişe enelerimiziň biziň üçin çeken zähmetiniň gadyryny bilmelidiris.”


09:40 - 7/02/2021    /    Belgi : 764480    /    G?rkezi? sany : 141



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 33886
Visitorsofday : 325
Visitorsofpage : 86884
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.3641

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap