Sunday, December 5, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
Esfahan – Ali Gapu
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

EÝRANYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DOSTLUK BAÝRAMÇYLYGY AŞGABAT ŞÄHERINDE BELLENDI

Fewral aýynyň 10-na Eýran Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 42 ýyllygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Eýranyň we Türkmenistanyň dostluk baýramçylygy bellendi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezi tarapyndan geçirilen bu baýramçylyk çäresine medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy jenap Näwid Räsuli, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomaty jenap Häsän Saleh Mäjd, Ilçihananyň birnäçe işgärleri, Türkmenistandaky Eýranyň raýatlary, pars dilini öwrenýän okuwçylar bilen olaryň maşgalalary we beýleki myhmanlar hem gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresiniň başynda Gurhany Kerim okalandan soň medeniýet merkeziniň aýdym-saz topary Eýranyň we Türkmenistanyň döwlet senalaryny ýerine ýetirdi. Munuň dowamynda bolsa, medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy jenap Näwid Räsuli Eýran Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 42 ýyllygy dabarasynda çykyş edip, bu baýramçylygy bellemegi Eýran Yslam Respublikasynyň alyp barýan syýasatynyň we iki ýurduň hem ýokary wezipeli işgärleriniň Eýran bilen Türkmenistany iki goňşy ýurtdan hem ýakyn görýändigine gönükdirilen sözleriniň netijesi bolandygyny belledi. Şeýle hem jenap Räsuli Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2021-nji ýyl halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi we bu ýylda Eýran bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň has hem özgermegini umyt edýändigini bildirdi. Çykyşynyň dowamynda medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Eýran Yslam Respublikasynyň nanotehnologiýalar we lazer tehnologiýalary ulgamynda gazanan üstünliklerine salgylanyp şu sözleri aýtdy:  "Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasy Günbatar Aziýada medisina ylmynyň merkezi bolup durýar. Eýranda medisina ylmynyň aýratyn hem kök öýjükler, oňurga kesellerini bejermek, strategiki dermanlary öndürmek, haýwanlary simulýasiýa etmek ýaly ulgamlary  giňden özgerdi we Eýran medisinada birinji hatarda duran döwletleriň sanawyna girdi. Bütindünýa Kosmos Klubyna girmek hem Eýranyň rewolýusiýadan soňky döwürde gazanan üstünlikleriniň biridir. Awtoulaglary öndürmek ulgamynyň ösüşi, alýuminiýden önüm ýasamak ulgamynyň ösüşi mundan başga-da gämi we howa gämisi ýasamak ulgamlarynyň ösüşi hem Eýranyň ylmy we tehnologiki ugurlardaky ösüşiniň netijesi bolup durýar.  Gämi duralgalarynyň gurulmagy, nebit-gaz guýularynyň ornaşdyrylmagy, dürli ugurlardaky zawodlaryň gurulmagy, bentleriň, siloslaryň we  şaýollarynyň gurulmagy şeýle-hem, dürli metal we beton önümleriniň öndürilmegi Eýranyň ylmy we tehnologiki ugurlarda gazanan üstünliklerine mysal getirilip biliner. "

Çykyşynyň ahyrynda bolsa, jenap Näwid  Räsuli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezinde wideo klip taýýarlamak we makala ýazmak boýunça yglan edilen bäsleşikler barada hasabat berdi. Jenap Räsuli  Eýran bilen Türkmenistanyň  dostlukly gatnaşyklaryny beýan etmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşiklere işjeň gatnaşan ähli okuwçylara sagbolsun aýtdy. 

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomaty Jenap Saleh Mäjd Eýranyň Yslam rewolýusiýasyndan öňki 10 günlük aýdyňlyk döwri barada söz açdy we  myhmanlaryň baýramçylygyny gutlap şu sözleri aýtdy: "Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşine 42 ýyl, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bolsa, 30 ýyl boldy. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny resmi taýdan kabul eden ilkinji döwletleriň biri boldy we şol pursatdan bäri iki ýurt özara dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň ýeňişi bolan 10-njy fewral güni hem bu dostlugyň başlanan gününe örän ýakyndyr.

Biz Türkmenistanyň günden güne özgerýändigine şaýat bolanymyz üçin örän hoşaldyrys. Şek-şübhesiz her iki ýurduň halky hem öz milli liderlaryna uly sagbolsun aýdýarlar."

Jenap Saleh Mäjd çykyşynyň dowamynda şu sözleri aýtdy: "Iki ýurduň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlyk üçin 100-den gowrak hyzmatdaşlyk şetnamalary baglaşyldy we bu şertnamalaryň köpüsi Hormatly Gurbanguly Berdimuhamwdowyň ýurdy dolandyryp başlamagyndan soňky  döwürde baglaşyldy." Çykyşynyň ahyrynda jenap Saleh Mäjd halkyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara bolan oňaýly täsirine salgylanyp, Eýranyň we Türkmenistanyň halklaryna üstünlik arzuw etmek maksady bilen şu sözleri aýtdy: "Adamlar diňe ylym-bilim, ahlak we dil bilen ýurduň geljegindäki öz orunlaryny beýan edip bilerler. "

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda bolsa, eýranşynaslyk bäsleşigi geçirildi we Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugyny beýan edýän birnäçe sany wideo klip görkezildi. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezinde  yglan edilen makala bäsleşiginde ýeňiji bolan  okuwçy Eýran bilen Türkmenistanyň medeni umumylyklary  barada ýazan makalasyny okady. Dürli çykyşlar bilen dowam eden baýramçylyk çäresiniň ahyrynda bolsa, Eýranyň Yslam rewolýusiýasyndan öňki 10 günlük mübärek aýdyňlyk döwrüne bagyşlanylyp yglan edilen wideo klip taýýarlamak we makala ýazmak boýunça bäsleşiklerde ýeňiji bolan okuwçylara sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem baýramçylyk çaresiniň tamamlanmagyndan soň ähli myhmanlar  fewral aýynyň   8-ne duşenbe güni  medeniýet merkezinde açylan Eýran Yslam Respublikasynyň gazanan üstünliklerini beýan edýän surat sergisine gatnaşdylar. 

 

 


14:20 - 15/02/2021    /    Belgi : 764906    /    G?rkezi? sany : 229



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 40152
Visitorsofday : 109
Visitorsofpage : 98258
Onlinevisitors : 2
PageLoad : 1.5751

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap