Eýranyň Yslam rewolýusiýasyndan öňki 10 günlük mübärek aýdyňlyk döwri mynasybetli rewolýusiýanyň ýeňiş baýramçylygynyň öňüsyra ýagny fewral aýynyň 8-ne Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde 5 günläp dowam etjek bolan <<Yslam rewolýusiýasy we onuň gazandyran üstünlikleri>> temaly surat segisi açyldy.
Bu sergide Eýran Yslam Respublikasynyň gazanan iň täze we döwrebap üstünliklerini beýan edýän 40 sany surat sergilendi.
Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet merkeziniň Eýranyň Yslam rewolýusiýasyndan öňki 10 günlük mübärek aýdyňlyk döwrüne bagyşlap surat sergisinden başga-da köp sanly çäreleri geçirendigini ýatladýarys. Şol sanda medeniýet merkezinde Eýran bilen Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklaryny beýan etmek maksady bilen dürli ýaşlardaky okuwçylar üçin wideo klip taýýarlamak we makala ýazmak boýunça bäsleşikler geçirildi. Bu bäsleşiklerde ýeňiji bolan okuwçylara bolsa, sowgatlar gowşuryldy.


