Tuesday, July 27, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
Buşehr – çehelhana
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

MEDENIÝET MERKEZINDE BIR HEPDE BOÝUNÇA EÝRAN KINOFILMLERI GÖRKEZILDI

 

 

Medeni maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Eýran kinofilmleriniň hepdesi başlandy.

 Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkeziniň guramagy arkaly pars dilini öwrenýän okuwçylaryň, olaryň maşgalalarynyň we mugallymlaryň gatnaşmagynda howpsuz sosial aralygyň saklanmagy bilen mart aýynyň 1-ne duşenbe güni bu medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Eýran kinofilmleriniň hepdesi başlandy. Pars dilini öwrenýän okuwçylaryň arasynda uly gyzyklanma döreden kinofilm hepdesiniň başlangyç çäresinde medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy jenap Näwid Räsuli Eýranyň kinofilm taryhyna salgylanyp şu sözleri aýtdy: “Eýran kinosynyň taryhy 120 ýyl ozal başlandy we ilkinji Eýran kinofilmi 90 ýyl mundan ozal döredildi.”  

 Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy, Eýran kinosynyň Yslam Rewolýusiýasyndan soňky döwürdäki täsirli ösüşine salgylanyp sözlerini dowam etdirdi: “Dünýäde döredilen kinofilmler bilen deňeşdirilende, Eýranda döredilen kinofilmler köplenç ahlak meselesine üns berýär. Eýran kinofilmleri adama oňaýly täsir edýän düşünjeler bilen ýugrulan filmlerden ybaratdyr. Eýran kinofilmleriniň  bu üstünligi Yslam rewolýusiýasy bilen baglanyşyklydyr.”

Jenap Räsuli halkara baýraklara mynasyp bolan Eýran kinofilmlerine we kinorežisýorlaryna hem salgylanyp şu sözleri aýtdy: “Eýran kinosynyň dünýäde mynasyp görlen baýraklary onuň özboluşly aýratynlyklarynyň, özüne mahsus medeniýetiniň we dünýägaraýşynyň nyşanydyr. Bu baýraklar Eýran kinosynyň ähmiýetini nygtaýar.” Çykyşynyň ahyrynda medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Eýran kinosynyň Yslam rewolýusiýasyndan soňky döwürdäki üstülikleriniň netijesi bolan we <<Oscar>> baýragyna mynasyp bolan iki sany Eýran kinofilmleri, şeýle hem halkara baýraklara eýe bolan beýleki kinofilmler barada maglumat berdi.

 

 


09:03 - 6/03/2021    /    Belgi : 765743    /    G?rkezi? sany : 113



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 33882
Visitorsofday : 317
Visitorsofpage : 86876
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 2.2371

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap