EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA ÇAGALAR ÜÇIN HALKARA SURAT BÄSLEŞIGI GEÇIRILÝÄR
2021-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndan başlap 21-nji apreline çenli Kerman şäheriniň häkimligi UNESCO we UNICEF-iň Eýrandaky sebit müdirlikleri ýaly milli we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda, 5-15 ýaş aralygyndaky çagalar üçin << Kerman şäherinde çagalar üçin ilkinji surat festiwaly>> atly surat bäsleşigini wirtual ýagdaýda yglan edýär.
Eserleri hasaba almak we ugratmak üçin festiwalyň web sahypasy: www.CIPFK.com
_________________________________________________________________
ÇAGALAR ÜÇIN BÜTINDÜNÝÄ SURAT BÄSLEŞIGI
2021-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndan 21-nji apreline çenli
Tema: Öýüň daş töwereginden başlap galaktika çenli ähli zatlar
Mähriban çagajyk, biziň üçin öýüň daş-töwereginde, ýaşaýan etrabyňda, şäheriňde ýa-da obaňda ünsüňi çekýän ähli zatlaryň we ähli ýerleriň, hatda Kerman şäherine hyýaly bir syýahatyň suratyny çek!
Ýaş aralygy: Dünýäniň ähli ýurtlaryndan 5-15 ýaş aralygyndaky çagalar bu bäsleşige gatnaşyp biler.
Bäsleşige gatnaşmagyň düzgünleri we şertleri: Bäsleşik üçin ugradylan eserler çaganyň özi tarapyndan keseligine ýa-da dikligine, ölçegi minimum 12.7x17.7 sm we maksimum 30x40 sm bolan kagyza ýa-da kartona çekilen bolmaly.
Tehniki gurallar ýa-da kompýuter programmalary arkaly taýýarlanylan eserler kabul edilmeýär.
Çeken suratyňyzyň üstüne adyňyzy ýa-da başga ýazgylary ýazmazlygy haýyş edýäris.
Bu bäsleşik üçin her bir çaga diňe bir sany surat ugradyp biler.
Aşakda görkezilen web sahypa arkaly hasaba alyşy ýerine ýetirip, öz eseriňizi ugradyp bilersiňiz.
www.CIPFK.com
