Tuesday, July 27, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
(Alisadr gowagy (Hemedan
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

AŞGABAT ŞÄHERINDE NYZAMY GENJEWINIŇ ŞYGRYÝET GÜNI BELLENILIP GEÇILDI

 

 

 Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde beýik şahyr Häkim Nyzamy Genjewiniň şygryýet güni bellenilip geçildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň beren maglumatlaryna laýyklykda mart aýynyň 10-na çarşenbe güni Eýranyň beýik şahyry Nyzamy Genjewiniň şygryýet güni mynasybetli medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda edebiýat agşam geçirildi. Geçirilen bu edebiýat agşamyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Golämäbbas Ärbab Hales, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy jenap Näwid Räsuli şeýle hem, medeniýet merkeziniň edebiýat bilen gyzyklanýan okuwçylary gatnaşdylar.

          Edebiýat agşamynyň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Golämäbbas Ärbab Hales Hezreti Muhammed Pygamberiň Alla tarapyndan pygamberlige saýlanan güni mynasybetli baýramçylygyň  ýetip gelmegi bilen myhmanlary gutlady we medeniýet merkezinde geçirilen çärelere ýokary baha berdi. Şeýle hem jenap Ärbab Hales türkmen ýaşlarynyň edebiýat bilen gyzyklanmalarynyň we medeniýet merkeziniň edebiýat bilen baglanyşykly geçirýän çarelerine işjeň gatnaşmagynyň ony buýsandyrýandygyny we okuwçylara Eýranyň edebiýat gymmatlyklary bilen tanyş bolmak üçin gowy mümkinçilik döredýändigini belledi we şu sözleri aýtdy: “ Medeni we edebiýat taglymatlary Alla Tagallanyň öwrenmek we nesihat almak üçin adamzadyň aňyna ýerleşdiren aýratynlyklarydyr. Nyzamy Genjewi ýaly şahyrlaryň şygyrlarynda beýan edilen düşünjeler, ýokary baha berilmäge laýyk düşünjelerdir. Eger-de biraz oýlanyp görsek, bu düşünjeleriň manysynyň çuňlugyna göz ýetirmek bolar.”

Eýran Yslam Resbuplikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmeniň beýik şahyry bolan Magtymguly Pyragy barada hem söz açdy: “Eýran, pars dili we edebiýaty barada  köp sanly edebiýat gymmatlyklaryna eýedir. Nyzamy Genjewi ýaly pars dilinde eserler döredýän şahyrlaryň adamzat durmuşy üçin öwüt-nesihatdan doly şygyrlar döredişi ýaly Magtymguly Pyragy hem öz şygyrlarynda adamlara öwüt-nesihat beripdir.”  Çykyşynyň dowamynda jenap Ärbab Hales Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldamagynda Magtymguly Pyragynyň 2024 ýylynda geçiriljek 300 ýyllyk ýubileý dabarasy barada hem söz açdy we  her bir  jemgyýetiň edebiýat gymmatlyklarynyň we beýik şahsyýetleriniň şol jemgyýetiň medeni mirasyna degişli bolandygyny belledi we şu sözleri aýtdy: “Geçmişde bu topraklarda ýaşap geçen beýik şahsyýetleriň we olaryň döreden edebiýat gymmatlyklarynyň mirasdarlary hökmünde biziň wezipämiz olary ýatlamak we bu mirasy bizden soňky nesillere ýetirmekdir.”

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi çykyşynyň ahyrynda Nyzamy Genjewi ýaly adamzat taryhyň dürli döwürlerine öz täsirini ýetiren şahyrlara salgylanyp şu sözleri aýtdy: “Biziň iň wajyp wezipelerimiziň biri hem bu beýik şahyrlaryň şygryýet günlerini belläp, olaryň ajaýyp şygyrlaryny okamakdyr, sebäbi olar biziň dünýägaraýşymyzyň we sosial gatnaşyklarymyzyň şekillenmeginde möhüm orny eýeleýar”.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkziniň ýolbaşçysy jenap Näwid Räsuli hem Nyzamy Genjewi barada söz açdy: “Beýik şahyrlar gadyrly pygamberlerden soň Hudaýyň beren iň gymmatly nygmatlarydyr sebäbi olar öz goşgularynyň we sözleriniň üsti bilen adamyň  kalbyna şatlyk we bagt sowgat  edýärler. Biz Nyzamy Genjewi ýaly şahyrlaryň goşgularyny okan wagtymyz görýäris we bu goşgular bizi maddy älemden ruhy äleme äkidýär. Nyzamy Genjewi hem öz döwrüniň gudraty bolupdyr we onuň döreden şygyrlary hem özboluşly bir gudratdyr. Elbetde Saady, Möwlana we Hafyz ýaly Nyzamy Genjewiden soňky döwürlerde ýaşap geçen beýik şahyrlar hem onuň ýoluny dowam etdiripdirler.”

Çykyşynyň dowamynda bolsa medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Nyzamy Genjewiniň <<Mähzän Äläsrar>> (Syrlar howuzy) atly eseriniň ähmiýeti barada gürrüň berdi: “<<Mähzän Äläsrar>> eserinden soň, bu eseri mysal alyp döredilen 400 eseriň hiç haýsy <<Mähzän Äläsraryň>> derejesine ýetip bilmedi we alymlar  Nyzamy Genjewini professor we täze edebi stiliň döredijisi hökmünde görýärler. ”

Jenap Näwid Räsuli Nyzamy Genjewiniň aýratyn bir medeniýetiň döredijisi we geçmişiň beýik şahsyýeti bolandugu ýene bir gezek bellemek bilen şu sözleri aýtdy: “Nyzamy Genjewi öz eselerinde psihologiýa, sosiologiýa, hukuk, estetika ýaly köp sanly ugurlary ele alypdyr. Şeýle hem, Nyzamy Genjewi pars diline uly hormat goýupdyr we islän ähli temasy barada kämil gürrüň berip biljek derejede pars dilini gowy bilipdir. Ol öz şygyrlarynda biz sözi dürli manylarda we usullarda beýan etmek bilen adamlary haýran galdyrypdyr.”

          Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda Türkmeniň beýik şahyry  Magtymguly Pyragynyň <<San bolsam>> goşgusyna salgylanyp onuň pars dilinde eser döredýän  beýik şahyrlar bilen tanyş bolandygyny belledi we şu sözleri aýtdy: “Magtymguly Pyragy bu goşgusynda Haýýam Nişabury, Nyzamy Genjewi, Firdöwsi, Hafyz, Möwlana ýaly beýik şahyrlary öwýär we olaryň sanawynda bolup bilmegi arzuw edýär.”

          Edebi agşamyň dowamynda bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň mekdebiniň  pars dili we edebiýaty mugallymy jenap Äbbas Kärhi Nyzamy Genjewiniň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdi we diňleýjilere bu şahyryň käbir hekaýalary, eseleri we onuň şygyrlaryndaky käbir möhüm düşünjeler barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdi.   

Agşamyň dowamynda bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkezinde pars dilini öwrenýän türkmen ýaşlaryndan 17 sany okuwçy Nyzamy Genjewi barada ýazan makalalaryny we beýik şahyryň ajaýyp şygyrlaryndan birnäçesini okadylar. Edebi agşamyň ýatdan çykmajak bu gyzykly pursatlaryndan soň bolsa, jenap Kärhi geçirilen bäsleşikde saýlanan makalalar barada okuwçylara sorag berdi we hoşallyk bildirdi.

 


08:45 - 14/03/2021    /    Belgi : 766116    /    G?rkezi? sany : 123



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 33876
Visitorsofday : 307
Visitorsofpage : 86866
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 2.1021

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap