Sunday, December 5, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
(Ymam meýdany (Yspyhan
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

Nowruz baýramy Aşgabatdat şäherindäki Eýranyň medeni merkezinde geçirildi

Nowruz mynasybetli ýörite maksatnama Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän ilçihanasynyň medeni merkezinde ýedi sin bilen bezeldi.

Bu baýramçylyk täze ýyl çalyşandan soň, 20-nji mart, şenbe güni we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gholamabbas Arbab Halisiň gatnaşmagynda geçirildi. Bu dabarada, Medeniýet geňeşiniň başlygy Nawid Rasouli, ilçihananyň işgärleri we dürli adamlar Pars dilini öwrenijiler  we olaryň ata-eneleri, Türkmenistanyň medeni we ylmy işgärler we Türkmen jemgyýetiniň bölümleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Gurhany okandan soň, Holamabbas Arbab Halis, adabara gatnaşýan myhmanlary gutlap, Nowruzy wasp edýän goşgy okap şeýle diýdi: "Täze ýylyň ilkinji sagatlaryna gadam basdyk. Eýran senenamasynda 1400-nji ýyl. Ol ýagşy umytlary arzuwlady we sebäbi medeniýet merkezinden gelen myhmanlara bilen başlady. Bu bolsa täze ýylyň gowy başlandygyndan alamatydyr.”

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi, 20-nji mart, anna güni Ahal welaýatynda BMG-nyň edara jaýynda Ahal welaýatynda Nowruz baýramyny we Halkara Nowruz gününi geçirlişinde soňra bolsa ýörite çyl çalyşyndan soň Medeniýet Merkezde Nowruz dabarasynda Nowruzyň reňki we başahyň ysyna aýratyn üns bermek bilen şeýle diýdi: Nowruz gadymy we umumy medeniýetimiz bolup kök urandyr we bu Medeniýet Merkezinde geçirilýän dabara türkmen myhmanlarynyň gatnaşmagynda bilelikde baýramçylyk geçirmegiň sebäbidir.”

Arbab Halis çykyşynyň barşynda şeýle diýdi: “Nowruz ylmy gözleglerden we geografiýa ylmyndan esas alandyr, ýeriň günüň daşyndaky aýlanmak hereketine esaslanyp döredildi, demirgazyk ýarym şarda bu baýram tebigatyň we baharyň üýtgemegi bilen başlaýar we adam durmuşyny täzelil we terlik bagyşlaýar. Bu gadymy däp-dessurymyzy hemişelik gorap saklamalydyrys we öňki nesilleriň bize getirişi ýaly, biz hem indiki nesillere geçirmäge borçlydyrys.

Nowruzyň Merkezi Aziýa, Günbatar Aziýa we Balkan ýurtlarynda bellenilmegi barada durup geçmek bilen: "UNESKO Ylmy we Medeniýet Guramasy 2009-njy ýylda bu baýramçylygy umumy adamzat mirasy hökmünde ykrar etdi" -diýdi. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bu baýramçylygy global baýramçylyk hökmünde tassyklady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi çykyşynyň dowamynda dürli ýurtlaryň prezidentleri tarapyndan Nowruz baýramçylyk dabaralaryny geçirmegine uly ahimiýet berilýändigine, esasanam hem Türkmenistanyň  hormatly prezidenti jenap Gurbanguly Berdymuhamedowyň Nowruzy baýramyny bellemegiň we sebitdäki ýurtlar bilen bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigi barada aýtdy.

Arbab Halis çykyşynyň ahyrynda eýranlylaryň arasynda Nowruzyň däp-dessurlaryny düşündirdi.

    Biziň yurdumyzyň Türkmenistandaky medeniýet boýunça geňeşçisi Nawid Rasouli özüniň gysga çykyşynda Türkmenistanyň halkyny we hökümetini Nowruz baýramy bilen gutlap, bu ýörite geçirilýän dabaranyň maksatnamasynyň esasy maksatdy döwletleriň arsyndaky umumy medeniýet gymmatlyklary goramakdygyny aýtdy.

Şeýle hem, Nowruz, 11 ýurduň gatnaşmagynda Eýran, Hindistan, Päkistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Azerbaýjan Respublikasy, Täjigistan, Owganystan, Yrak we Türkmenistan iň uly we gadymy maddy däl bolan gadymy miraslaryň biri hökmünde, halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlukli , dini we garyndaşlyk gatnaşyklaryň bardygyny habar berýär. Bu baýramçylyk tebigata hormat goýmaga esaslanýan garaýyşdyr we ýeriň bereketini ýada salýan baýramçylykdyr.

Dostlugyň diňe medeniýet bilen tanyşmak arkaly berkidilýändigini belläp, jenap Rasouli: "Nowruz baýramçylygy medeni alyş-çalyşlarda we özara düşünişmekde we dünýä halkynyň arasynda hyzmatdaşlyk, utgaşdyrmak we parahatçylyk ruhuny döretmekde möhüm orun eýeleýär" -diýdi. Hakykatda häzirki wagtda gadymybaýram bolan Nowruz, dünýäde Halkara Medeniýet, Parahatçylyk we Dostluk güni hökmünde bellidir.

Medeniýet geňeşiniň başlygy jenap Gurbanguly Berdymuhamedowyň Türkmenistanyň prezidentiniň  bu baýrama uly ähmiýet berýändigi barada durup geçip, şeýle diýdi: “Öňki ýyllarda iki ýurduň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dürli medeni maksatnamalar geçirildi, ýöne şu ýyl tutuş dünýä ýüzünde döräk  kynçylyk sebäpli, bu mümkin däldi.

Sözüniň ahyrynda jenap Rasouli Eýranyň we Türkmenistanyň iki dostlukly we baglanyşykly ýurtlarynyň biri-biri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi we serhetleriň ýapykdygyna garamazdan, bu ugurda täsirli ädimleriň ediljekdigine umyt bildirdi.

Bu baýramçylyk dürli medeni we çeperçilik programmalarynyň ýerine ýetirilmegi, Nowruzyň gadymy baýramyny beýan edýän makalalary we goşgulary okamak, ýerli pars dilini ňwrenijileriniň sahna çykyşlary we beýleki dürli programmalar bilen dowam etdi.

Bu dabaranyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeni Merkeziniň pars dilini ňwrenijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


13:04 - 20/07/2021    /    Belgi : 771541    /    G?rkezi? sany : 126



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 40155
Visitorsofday : 113
Visitorsofpage : 98262
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.7021

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap