Monday, December 6, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
(Ymam meýdany (Yspyhan
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

Halkara Nowruz güni BMG-nyň Aşgabatdaky wekilhanasynda geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasynda Eýranyň Medeniýet Merkeziniň geňeşçisiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň gatnaşmagynda Halkara Nowruz gününiň bilelikdäki dabarasy geçirildi.

Halkara Nowruz baýramçylygy, 20-nji mart, anna güni öýlän köp sanly ilçileriň we daşary ýurtlaryň wekilleriniň we BMG-nyň Aşgabatdaky wekilhanasynda köp sanly myhmanyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu dabarada Nowruz siwilizasiýasy ýurtlary bolan, Eýran Yslam Respublikasy, Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Päkistan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Türkiýe ýaly ýurtlaryň senetçilik, el iş hünäri we milli tagamlary şeýle-de Nowruz saçagynyň sergisini gurnaldy. Bu ýurtlaryň medeniýeti we däp dessurlary bilen tanyşdyryldy.

BMG-nyň wekilhanasynyň başlygy Natalýa German Nowruzy garşy almak adabarysynda gutlag aýdýar: "Nowruz iň gadymy baýramydyr". Nowruz 2009-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasytarapyndan Milli Baýram we 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara baýramçylygy hökmünde hasaba alyndy.

BMG wekilhanasynyň başlygy sözüniň üstüni ýetirdi: "Bu ýere ýygnanyp, sergi geçirip, şu Nowruzy belläniňiz üçin sag bolsun aýdýaryn." Bu sergi hakykatdanam hem däp-dessurlaryňyz bilen tanyşmagy üpjün edýär.”

German çykyşynyň ahyrynda Nowruz siwilizasiýasy ýurtlaryna bagt we abadançylyk we halkara jemgyýetçiligine parahatçylyk arzuw etdi we Halkara Nowruz dabarasyna gatnaşan ilçilerden gutlaglar we çykyşlar üçin münbere geçmehi haýyş etdi.

Daşary ýurtlaryň ilçileriniň çykyşlary we gutlaglary bu halkara baýramçylygynyň maksatnamalarynyň ýene bir bölegi boldy. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Golam Abbas Arbab Halisiň nobaty geldi. Tomaşaçylary gutlap, Nowruzy Günbatar Aziýa we Merkezi Aziýa sebitleriniň ýurtlaryna ünsi jemläp, maddy däl adam mirasy diýip atlandyrmak bilen bir hatarda, bu halkara baýramçylygynda Nowruz siwilizasiýasy sebitindäkiy ýurtlaryň bolmagy BMG diplomatiýa gullugy tarapyndan Aşgabatda döredildi we bu milli we halkara baýramçylygyň käbir däp-dessurlaryna, düşünişmezligi ýok etmek, birek-biregi bagyşlamak, hoşniýetlilik we dostlugy ileri tutmak, bu baýramyň ýeten üstünlikleri we maksatlary üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Daşky we içki görnüşiň erbetlik we garaňkylykdan arassalanmagyna, ahyrsoňy parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň döredilmegine ünsi çekdi.

 

 

 

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Nowruzyň milli we halkara baýramçylygyny jemgyýetçilik diplomatiýasynyň döredijilik guraly diýip atlandyrdy. Ol şeýle diýdi: "Şoňa görä Nowruz häzirki zaman dünýäsinde we halkara gurşawynda öňüni alyş diplomatiýasynda parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmek üçin möhüm rol oýnap biler. Zorlukdan gaça durup we degişli derejede parahatçylyk gatnaşyklary güýçlendirilmeli we ösdürilmeli.

Arbab Halis çykyşynyň ahyrynda BMG-nyň prewintiw diplomatiýasyndaky missiýasyna minnetdarlyk bildirip, Nowruzyň parahatçylygy we howpsuzlygy döretmek we medeniýeti, jemgyýet ara baglanyşyk we prewentiw diplomatiýasynyň amaly we ýerine ýetiriji sütünlerinden biri bolmagyny hem-de Milletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we dünýäniň ähli künjeklerinde tanatmagy teklip etdi.

 

 

 

 

 


07:17 - 27/07/2021    /    Belgi : 771645    /    G?rkezi? sany : 119



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 40168
Visitorsofday : 14
Visitorsofpage : 98283
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.2691

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap