Sunday, December 5, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
(Şahyrlaryň aramgähi (Töwriz
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen bilelikde Nowruz sergisi geçirildi

Nowruz medeni we çeperçilik sergisi, Türkmenistanyň prezidentiniň doglan ýeri bolan Ahal welaýatynyň Yzgant şäherinde geçirildi.

Halkara Nowruz mynasybetli we Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň we Ahal häkimliginiň medeni geňeşçisiniň gatnaşmagynda geçirilen bu serginiň açylyş dabarasynda 20-nji mart, anna güni biziň ilçimiz Golamabbas Arbab Halis, Ilçihananyň medeniýet boýunça geňeşçisi Nawid Rasouli, Medeniýet geňeşçisiniň başlygy Toparowa Akgül Şirmahammadowa Ahalyň häkiminiň orunbasary, Daşary işler ministrliginiň, şäher häkimliginiň we Ahal welaýatynyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary we Eýranyň medeniýeti we sungaty bilen gyzyklanýanlar we eýran we türkmen menedniýet işgärleri gatnaşdy.

Bilelikdäki “Nowruz” sergisi Ahalyň häkiminiň orunbasary we welaýat dolandyryjylarynyň bir toparynyň garşylamagy we janly aýdym-sazyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy, soň gatnaşyjylar iki ýurduň el işlerine, hanym “Toparowa Akgül Şirmohammadowa” orunbasary bilen tanyşdylar Olar öz sözünde: Biz bu günki gün geçirilýän çärede iki dogan ýurdyň gatnaşygynyň hasda berkemeginiň tarapdarydyrys. Bu çärämiz Mälikguly Berdimuhamedowyň medeniýet öýünde Eýranly doganlarymyz bilen geçirýaris.

Bilelikdäki Nowruz maksatnamasynyň geçirilişi barada aýdyp, çykyşynyň başga bir bölüminde Ahalyň häkiminiň orunbasary şeýle diýdi: "Ilçiniň, medeni geňeşiň ýolbaşçysynyň we Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň işgärleriniň bardygyna begenýäris we buýsanýarys. Eýran bu maksatnama gatnaşýar ". Nowruz ýurtlaryň arasyndaky halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, sebäbi bu baýramçylyk ýakyn Gündogardan başlaýar we Kawkaz ýurtlaryna çenli baryp ýetýär we bu sebitleriň halklarynyň däp-dessurlaryny we umumylyklaryny baglanyşdyrýan baýramçylykdyr we şoňa görä-de dünýäde bu baýrama uly hormat goýulýar.

Halkara Nowruz baýramçylygyna parahatçylygyň we raýdaşlygyň baýramy hökmünde ýüzlenip, hanym Şirmohammadowa sözüniň üstüni ýetirdi: Nowruzyň adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde Halkara baýramçylygy UNESKO sanawynda hasaba alyndy we halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Taryhy gözbaşlary bolan Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary birnäçe asyr bäri dowam edip, häzirki wagtda täze hil derejesine ýetdi.

Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary çykyşynyň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etmegine ünsi çekip, Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet günlerini Türkmenistanda we Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň medeniýet günlerini görkezýändigini aýtdy. Iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklara hormat goýmak we sebitiň ýurtlary bilen halkara gatnaşyklarynyň giňelmegini göz öňünde tutdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gholamabbas Arbab Halis, Ahal welaýatynyň ýolbaşçysyna we oňa gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň halkyny we hökümetini Nowruzda gutlaýan we Halkara Parahatçylyk we ynançlar ýylynyň adyny bellemek bilen baglanyşykly Prezidentiň ynamy Türkmenistanyň garaşsyzlygyň 30 ýyllygy, Bitaraplygyň 25 ýyllygy we Aşgabadyň şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy ýaly dürli baýramlar bilen gutlap diýdi: " Türkmenistanyň Milli lideri bu iki ýurdy diňe bir goňşy ýurt däl-de eýsem olar garyndaşdyrlar diýip hemişe nygtaýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň prezidenti jenap Gurbanguly Berdymuhamedow Eýrany we Türkmenistany goňşy bolmaga hukugy bolan iki goňşy ýurt hökmünde ýatlaýar we Kyýamat güni goňşusynyň hukugy sorag ediler. "Ikimiziň hem hukugymyz bar, goňşuçylyk we birek-birege garyndaşlyk hukugy, şonuň üçin bu hukugy biri-birimize gowy ulanmalydyrys ".

Medeni, ykdysady we syýasy hukuklary öz içine alýan bu hukuga salgylanyp, Arbab Halis: "Şu nukdaýnazardan, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy strategiki syýasatyny dowam etdirip biler ýaly iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmeli" –diýip belledi.

Ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar we sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi sözüniň üstüni ýetirdi: "Biz Ahal welaýaty hemde Türkmenistanyň ähli beýleki welaýatlary bilen hyzmatdaşlyga girdik".

Hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde medeni hyzmatdaşlyga ünsi çekip, "Iki ýurduň medeni umumylyklary biri-birine ýakyn bolanda, ykdysady we syýasy ugurlarda hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň ösdürilmegi has çalt we aňsat gazanylar" -diýdi. Şoňa görä-de, geçen ýyllarda Ahal we Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň, Merw we Horasan Razawi welaýatlarynyň, Labab we Golestan welaýatlarynyň arasynda Prezidentiň buýrugyna laýyklykda goňşy welaýatlar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin özara düşünişmek memorandumyna gol çekildi. Türkmenistanyň prezidentiniň buýrugy boýunça, şu gün ýerine ýetiriji häkimiýetde bu hyzmatdaşlygyň başlanmagyna şaýat bolýarys.

Gholamabbas Arbab Halis, sözüniň ahyrynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edip, ol sözüniň üstüni ýetirip: "Bu gün Ahal welaýatynda ilkinji Nowruz sergisiniň geçirilmegine şaýat bolýarys we düýn Ahal bilen Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň arasynda webinar geçirildi, geljekde Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdunda şeýle sergini görmäge umyt baglaýaryn."

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, özara düşünişmegi we dostlugy berkitmek maksady bilen geçirilen medeni geňeşçi bilen Ahalyň häkiminiň arasynda geçirilen Nowruz sergisi, iki ýurduň türkmen suratkeşleriniň aýdym-saz çykyşlary ýaly dürli programmalar bilen dowam etdi.

Programma sosial aralyklary berjaý etmek sebäpli şol günüň ikinji ýarymynda tamamlandy. Şeýle hem serginiň çäginde Watan, Türkmenistan we ş.m. teleýaýlymlary Nowruzyň bilelikdäki baýramçylygy we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi we medeni geňeşçisiniň başlygy bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada söhbetdeşlikler geçirildi. Bilelikdäki konsert geçirmek we sowgat bermek  bilen sergi tamalandy.

Bilelikdäki serginiň habary dürli teleýaýlymlarda, şol sanda Türkmenistanyň Milli telewideniýesinde ýaýlyma berildi. Bu baglanyşyk aşakdaky ýaly Gündogar web sahypasynda hem çap edildi:

 


07:20 - 27/07/2021    /    Belgi : 771646    /    G?rkezi? sany : 121



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 40148
Visitorsofday : 104
Visitorsofpage : 98253
Onlinevisitors : 2
PageLoad : 1.0510

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap