Sunday, December 5, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
sofal
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   


  Cap        Dostu?a ibermek

Beýik Allanyň ady bilen

Eýranly çagalar, Türkmenistan halkara çagalar surat bäsleşiginde üç baýrak aldy

 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň şol ýurtda "Bagtly çagalyk" (Happy Childhood)  atly halkara surat çekmek bäsleşigini geçirmek we daşary ýurtlardan, esasanam Eýran Yslam Respublikasyndan çagalar we ýetginjek suratkeşleri bu medeni çärä gatnaşmaga çagyrmak barada yglan edilenden soň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeiniýet merkezi we Çeperçilik ýokary okuw jaýy bilen Daşary ýurtdaky Medeni Hyzmatdaşlyk Müdirliginiň we daşary ýurtly eýranlylaryň goldawy bilen medeni maslahat geçirildi. Ussat Mehran Faghaniniň ýolbaşçylygynda agzalan ýokary okuw jaýynda bäsdeşlik çagyryşynyň yglan edilmegi bilen ýurduň çar künjeginden ep-esli suratyň ýygnalandygyny we ýokary okuw jaýynyň emin agzalary tarapyndan bäsleşigi üçin 7 çaganyň eseriniň saýlanyp iberilendigini habar berdi. Gatnaşanlaryň eserlerine Türkmenistanyň emin agzalary, meşhur suratkeşler, sungat usatlary, taryhçylary we bu ýurduň çeperçilik bilim edaralarynyň tejribeli mugallymlary tarapyndan baha berildi. Türkmenistanda geçirilen halkara suratkeşler bäsleşiginde ýeňiji suratkeşler baýrakly ýere, diploma we sowgatlara eýe boldular.

Işleriniň mowzugyny "Çagalygyň bagtyýar we şadyýan döwri" we “Men dünýäni gowy görýän” atly mowzukdakyeserler saýlandy. Bu halkara çäräniň ýeňijileriniň atlary: 1- Mir Hosein Hakami Şalmzari, Şalimzar şäheriden (10 ýaş), 2 - Yspyhandan Muhammet Mehdi Soltani Dehnawi (8 ýaş) we Daniel Bitarfan Ghaemshahrdan (9 ýaş).

Şeýle hem; bu bäsleşigiň iň gowy eserleri, Halkara çagalar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen sergide görkezildi.

Türkmenleriň Halkara surat çekmek bäsleşiginiň çagalaryň ünsüni çeper döredijilige çekmek we sungat eserleri arkaly watanyna bolan söýgi, agzybirlik, adamkärçilik we dostluk ýaly aýratynlyklary görkezip biljek ýaş zehinleri kesgitlemek maksady bilen geçirilendigini bellemelidiris.

 


07:25 - 27/07/2021    /    Belgi : 771647    /    G?rkezi? sany : 112



Gara?y?lar




G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 40154
Visitorsofday : 112
Visitorsofpage : 98261
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.6591

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap