Sunday, December 5, 2021 Turkmen
 
Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Yslam|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap
Ady
iran
Agaç ussaçylygy
Girmek
Ulanyjyny? ady :   
Ge�i? s?zi :   
 
Captcha:
[Agzalyk]
NewsletterSignup
Ady :   
Ba? �st�ne, ?azgyny? belgisini girizi? :   

Eýran barada maglumat

 

·        Eýranyň jahankeşdelik taýdan özüne çekişleri

·        Zyýarat merkezleri

·        Syýahatçylyk sebitleri

 

Eýranyň jahankeşdelik taýdan özüne çekişleri

Eýranyň taryhy geçmişi hem-de üznüksiz jemgyýetçilik we medeni gözlegleri sebäpli, onuň dürli gezelenç ýerleri bardyr. Eýrana sapar edýän her bir syýahatçy öz meýilnamalary we höwes bildirýän zatlaryna görä, özüni gyzyklandyrýan zatlary görüp biler. Eýran maşgalalary açykýürekli we myhmansöýerdirler. Eýranlylar bilen gysgaça tanyşlykdan soň, olaryň ýazgylarda duş gelmedik ýaşaýyş durmuşlary, pikirlenişleri hem-de jemgyýetçilik garaýyşlary bilen tanşyp bolar.

Nusgalary taryhy ýadygärlikleriň arhitekturasynda ebedi galan Eýranyň gadymy medeniýeti özüne çekijidir. "Taht-e Jemşit", "Pasargad", "Şuş", "Hemedan", "Kermanşah", "Firuzabad", "Siraf" we beýleki ýadygärlikler bu ýurdy gelip görmek üçin uly gyzyklanma döredýär.

Eýranyň tebigy şertleri 2500 km kenar ýakanyň hem-de suw üsti serhediň, Alborz we Zagros ýaly beýik daglaryň bolmagy dynç almak üçin ajaýyp şertleri döredýär.

Eýranyň dynç almak üçin özüne çekiji möhüm ýerleri mineral suwlar we palçyklar bilen bejerýän dynç alyş merkezleridir.

 

Zyýarat merkezleri

Eýranda yslam dininiň ýaýramagy bilen, ymamlaryň we olaryň nebereleriniň guburlary zyýarat edilýän ýerlere öwrüldi. Eýranyň zyýarat edilýän ýerleri iki bölege bölünýär:

Birinjisi dünýä ähmiýetine eýe bolan Ymam Ryzanyň Maşatdaky gubury hem-de Ymam Ryzanyň aýal dogany hezreti Mäsumeniň Kumdaky gubury ýaly zyýarat edilýän ýerlerden ybaratdyr.

Ikinjisi milli hem-de ýerli ähmiýeti bolan zyýarat edilýän ýerlerdir. Olaryň iň möhümleri sülardan ybaratdyr: Şirazda "Şahçyrag" ady bilen tanalýan hezreti Ahmäd ben Musa ben Jäfäriň (a), hezreti Abduläzimiň (a) we hezreti Hamze ben Musa el-Kazemiň (Reý şäherinde) we Seýýed Jelaleddin Äşräf ben el-Kazemiň (a) aramgähleri.

Eýranda şaýylardan başga-da sünniler, otparazlar, hristianlar we iudaistler ýaly beýleki dinleriň we mezhebleriň wekilleri hem ýaşaýarlar. Olaryň ählisiniň özleriniň mukaddes dini ýerleri we zyýaratgähleri bar.

 

Syýahatçylyk sebitleri

Gilan, Mazenderan we Gürgen

Mazenderanyň deňziň kenarynda ýerleşýän jülgeleriniň uzynlygy 600 km.den gowrak bolup, ol sebit özüniň gözel daglary, şäherleri, obalary hem-de mährem we myhmansöýer halky bilen Eýranyň möhüm syýahatçylyk zolaklarynyň biri hasaplanýar.

Serhet ýakasynda ýerleşýän Astara şäherinden (Eýranyň demirgazygy) Mazenderan deňziniň günorta-gündogar bölegine çenli aralykda Taleş, Anzaly porty, Reşt, Lahijan, Ramsar, Çalus, Nowşähr, Babol, Amol, Sary, Behşer, Gürgen we Kümmethowuz ýaly şäherler hem-de syýahatçylyk mekanlary bardyr.

 

Azerbaýjan, Zenjan we Gäzwin

Azerbaýjan taryhy we gadymy topragy Eýranyň iň gadymy medeniýet ojaklarynyň biri hasaplanýar. Azerbaýjan tebigy çeşmeleri (Sohänd we Seblan ýaly daglarda), Bestan Abad, Gotursuw ýaly mineral suwly çeşmeleri, Urumiýe kölüniň kenarlary bilen syýahatçylyk üçin uly ähämiýete eýedir. Azerbaýjan şäherlerinde, şol sanda Täbriz, Urumiýa, Ärdebil, Märage, Hoý, Märänd we Mehabad ýaly şäherlerde köp sanly taryhy ýadygärlikler bar. Täbrizdäki Käbud metjidi, Jame metjidi, gadymy gala, bazar Il guly seýilgähi, Ärdebildäki Şeýh Sofynyň gubury hem-de Äzäm metjidi, Keliberdäki Babäk galasy, Märagedäki abserwatoriýa we diň, Modun minarasy hem-de Tatataus hramy we Makudaky Gara kelisa (hram) bulara mysal bolup biler.

Zenjan welaýatynda Soltaniýe gümmezi, gadymy eşik ýuwulýan bina (praçeçnaýa), Aždarha daşy hem-de gadymy bazar ýaly binagärçilik hem-de sungat taýdan ýokary derejede durýan ýadygärlikler bar.

Geçen asyrlarda birnäçe wagtlap sefewileriň paýtagty bolan Gäzwin şäherinde hem taryhy binalar we ýadygärlikler bar. Bulara mysal edip Alamut galasy hem-de Gäzwin welaýatynyň daglaryndaky Hasan Säbah gawaklaryny belläp geçmek bolar.

 

Hemedan, Kermanşah, Kürdüstan we Ilam

Hemedan şäheriniň taryhy we gözel ýerleri şulardan ybaratdyr: Gänjname gadymy ýazgylary, Şirsängi, Estorowmärdhaý aramgähi, Olwiýan gümmezi, Abu Ali Sinanyň aramgähi, Baba Taher Orýan aramgähi, Aly Sädr gowagy, Jug galasy we başgalar.

Kürdüstanyň taryhy we gözel ýerleri: Jame metjidi, Sänändäj muzeýi, Ziwiýýe hazynasy hem-de Sägez şäherindäki Kerfetu gowagy.

Ilamyň taryhy we gözel ýerleri: Bähram Çubin köprüsi, Şirin we Perhadyň tagy, Täng Çubin we Çähar tag ohd-e Sasani.

Kermanşahyň gezelenç ýerleri: Bostan tagy, Bisotun, Anahitanyň ýadygärligi, Şiriniň we Serpol Zehabyň köşgi ýaly henize çenli ýerinde duran gadymy ýadygärlikler.

 

Tähran we Reý

Tähranyň iň esasy taryhy we gezelenç ýerleri: Milli bankdaky jöwherleriň muzeýi, Tähranyň bazary, Ymam metjidi, Motähhärri adyndaky ýokary okuw mekdebi, Sepähsalar, Gülüstan köşgi we Abduläzim zyýaratgähi.

 

Merkezi we Lorestan welaýatlary

Bu welaýatlaryň iň esasy taryhy we gezelenç ýerleri: Ärak gowagy, ýeriň aşagyndaky Dolfabad şäheri, suw çeşmeleri, Säluki Horhäniň mazary, Sawe şähristanynyň kerwensaraýlary, Delijan gowagy, Homeýndäki Ymam Homeýniniň doglan ýeri şeýle hem köp sanly zyýarat edilýän ýerler. Lorestan welaýatynyň esasy taryhy we gözel ýerleri: Falak Al Falak galasy, Kiw köli, Taf we Afriniýe şarlawuklary, Çängaýi çeşmesi, gadymy gowaklar, altynjy asyrdaky sefewilere degişli daş ýazgylary (Horramabad), Göwher köli hem-de Dorud şarlawuklary.

 

Horasan we Semnan

Horasanyň gözel we taryhy ýerleri: Ymam Ryzanyň zyýaratgähi, Ymam Ryza muzeýi, Göwherşad we Gonbäd-e säbz metjitleri, Hoja Räbig aramgähi, Arslan Jazebiň aramgähi, Robat Şorof, Kälate Naderi, Kuhe Sängi, mukaddes Maşadyň milli bazary, Ferdöwsiniň Tusdaky aramgähi, Hekim Omar Haýýamyň aramgähi, Şeýh Attar we Kemal-äl-Molkyň aramgähleri.

 

Yspyhan we Bähtiýari

Yspyhan syýahatçylyk mekanlarynyň hazynasyna öz goýnundan ýer berendir. Bu şäheriň gadymy we gözel ýerleri: Jame metjidi, Ymam meýdanyndaky yslamdan soňky döwürlere degişli dürli binagärçilik ýadygärlikleri, Nägş-e jahan ýadygärligi, Ymam we Şeýh Lotfollah metjitleri, Aly Gapu binasy, Çehl sotun (Kyrk sütün köşgi, Yrgyldaýan minara, Jolfa hramy, Wanek hramy, sefewiler döwrüne degişli Haju we "Si-o se pol" köprüleri.

Yspyhanyň amaly-haşam sungaty dünýäde meşhurdyr. Bu sungata degişli möhüm işler: hatemsazi (iňňe ýaly inçe gurallar bilen nagyşlary çekmek), minakari (syrçaly gaplary ýasamak we olaryň ýüzüne nagyş çekmek), miniatýura, suratkeşlik, monäbbätkari (aýnanyň ýüzüne dürli nagyşlary çekmek), härrati (agajyň ýüzüne dürli nagyşlary çekmek), deri önümleri, haly dokamak, kümüş önümleri, galamzäni (demir we kümüş önümleriniň ýüzüne nagyş çekmek), Gollabduzi (egirme önümleri) we keramika önümleri. Bu welaýatyň başga şäherinde hem taryhy ýadygärlikler we gözel ýerler bardyr.

Çähar mähal-o Bähtiýari welaýaty. Bu welaýat Eýranyň günbatarynda ýerleşýär. Ol Bähtiýari taýpasynyň ýaşan ýeridir. Bu welaýatyň tebigy gözelliklerini Şweýsariýanyň we Awstriýanyň Alp daglarynyň etekleriniň gözellikleri bilen deňeşdirýärler.

Eýranyň beýleki welaýatlarynda hem köp sanly gözel ýerler, syýahatçylyk mekanlary hem-de gadymy ýadygärlikler bardyr.

 

Gündelik hem-de hepdelik bazarlar

Gündelik hem-de hepdelik bazarlar ýerli harytlaryň alnyp-satylýan ýeri bolup, bu bazarlar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kadalaşýan ýeridir. Şeýle bazarlar şäherlerde, obalarda hem-de çarwa taýpalaryň ýaşaýan ýerlerinde bardyr. Häzirki wagtda Eýranyň birnäçe demirgazyk welaýatlarynda, şol sanda Gilan, Mazenderan, Gülüstan welaýatlarynda, şeýle hem Eýranyň günortasynda ýerleşýän Sistan we Bulujystan, Hormozgan, Buşehr we Huzestan ýaly welaýatlarynda obalaryň hepdelik bazarlary giň gerime eýedir. Çarwa taýpalaryň we Eýranyň ähli çarwa taýpalarynyň oturýan ýerlerinde hepdelik bazarlar bardyr. Bu babatda Azerbaýjan, Lorestan we Kürdüstan ýaly welaýatlary görkezmek bolar.

 

Amaly-haşam sungaty

Eýranyň dünýä şöhratyna eýe bolan iň esasy el işlerine degişli önümi-de haly we kilim dokamakdyr. Eýranyň haly sungaty beýleki amaly-haşam sungatlary ýaly döwlete degişli hem-de hususy bölümlerden ybaratdyr. Her bir sebitiň halylarynyň özüne mahsus bolan nagyşlary bardyr. Täbriz, Yspyhan, Maşat, Kaşan, Kerman we Hemedan, şeýle hem türkmenleriň, buluçlaryň, gaşgaýylaryň, äfşarylaryň, kürtleriň we lorlaryň oturýan ýerleri Eýranyň esasy haly dokalýan sebitlerine degişlidir.

Mundan başga-da, Eýranyň keramika sungatynyň ajaýyp nusgalaryny metjitleriň hem-de taryhy binalaryň keşplerinde görmek bolýar. Şeýle hem, küýzegärçilik, aýna işleri, deri eýlemek, kümüşden dürli zatlary ýasamak (nogrekari), inçe gurallaryň kömegi bilen gap-gaçlaryň ýüzüne dürli nagyşlary çekmek (gälämkari, monäbbätkari we hatämkari) hem-de beýleki demir, agaç we süňk ulanylyp ýasalýan inçe we nepis işleri Eýranyň gadymdan gelýän amaly-haşam sungatlary hökmünde belläp geçmek bolar.

 

Milli we ýerli tagamlary

Eýranyň dürli künjeklerinde bar bolan mümkinçiliklere görä, dürli ýerli tagamlar taýýarlanylýar. Eýranyň dünýäde belli milli we ýerli naharlary hökmünde şu aşakdakylary görkezmek bolar:

Çelokäbab – (kebab bilen buglanan tüwi – palaw), abguşt (çorba) – (goýun eti bilen nohut, hoýba, burç hem-de ýer alma goşulan), fesenjan – (guş etinden, aýratynam, ördek we gaz etinden hoz maňzy we naryň suwy goşulyp bişirilýän tagam), dolama (tüwi we et goşulyp, üzümiň ter ýapragyna dolanyp bişirilýän naharlar).

Eýranda çörekleriň dürli görnüşleri bişirilýär. Eýranyň çörekleri: lawaş, taftun, sängäk we bärbäri ýaly görnüşlerden ybaratdyr.

Çaý – eýranyň milli gyzgyn içgisi we çal – eýranyň sowuk we milli iç içgisi hasaplanylýar. Bu içgilere ýakymly ysly otlar hem goşulyp içilýär.

G?zleg
Jogap Web g?zlegi
banners
Turizm Türkmenistan

turkmenistan.gov.tm

Online.tm
vote
Pikir sora?ma i?je? d?ldir
UsersStats
Visitorsofpage: 4374
Visitorsofday : 115
Visitorsofpage : 98264
Onlinevisitors : 1
PageLoad : 1.3951

Baş sahypa|Pars dili|Eýran|Sorag|Habarlaşmak üçin|Links|Sitemap